HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow gepleşikleri geçirdiler

Sentýabr 27, 2023 | 00:56 |9874
Sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow iki günlük sapar bilen Türkmenistana geldi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşar.Sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow iki günlük sapar bilen Türkmenistana geldi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşar.
Çeşme: orient.tm

Sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow iki günlük sapar bilen Türkmenistana geldi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen bolan duşuşygynda söwda-ykdysady ulgamda köptaraply türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi uly ugurlary barada düýpli pikir alşyldy.

Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, Rustam Minnihanow ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň muňa ýardam edýändigini belledi.

Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Arkadag şäherine baryp gördi. Tatarystanyň Baştutany ekologiýa, durmuş düzümine we binagärlik keşbine bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda gurlan ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji “akylly” şäheriň medeni merkezleri, ajaýyp ýerleri bilen tanyşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026