Aşgabatda Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy


Aşgabatda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen raýatlyga kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna 1301 adam kabul edilip, 265 sany daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnama berildi. Türkmenistanyň täze raýatlary bolan adamlar 32 milletiň wekilleridir.

Dabarada çykyş eden Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow ata-babalarymyzyň ýagşy däplerine we halkara hukugyň umumy kabul edilen ýörelgelerine eýerip, soňky ýyllarda raýatlygy bolmadyk adamlaryň 31 müň töwereginiň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigini nygtady.

Türkmenistanda 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça milli meýilnamanyň kabul edilmegi öz gezeginde ýurdumyzyň bu ugurda halkara borçnamalaryna pugta ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.
“Türkmenistanyň BMG-niň bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak boýunça esasy konwensiýalarynyň 4-sini hem kabul eden Merkez Aziýa sebitindäki ýeke-täk ýurt bolup durýandygyny bellemek meniň üçin aýratyn möhümdir” diýp, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kahe Imnadze nygtady.

“Türkmenistan raýatsyzlygy azaltmak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirdi, <...> şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça milli meýilnamany durmuşa geçirmek işini ilerledýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we Döwlet migrasiýa gullugyna tüýs ýürekden hoşallygymy mälim edýärin. BMG bu işlere ýardam bermegi geljekde hem dowam etdirer” diýip, Imnadze sözüniň üstüni ýetirdi.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyşynda bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlygyň berilmegi Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ägirt uly goşant goşýar.

“Raýatlygy bolmadyk adamlaryň raýat bolmaklary bilen, Türkmenistan olara deň hukuklary we durmuş goraglylygyny üpjün edip, bilim almak we lukmançylyk hyzmatlaryndan hem-de hödürlenýän beýleki ýeňilliklerden peýdalanmaga gapylary açýar.
Onuň bellemegine görä, ýurduň Hökümetiniň strategik we anyk ädimleri ätmeginiň netijesinde, Türkmenistan öz çäklerinde raýatsyzlygyň doly soňuna çykan ilkinji ýurt bolmak derejesine ýakynlaşýar. Onuň bellemegine görä, bu görkezijiler halkara gňişliginde hemmeler üçin nusga alarlykdyr we buýsandyryjydyr.

Türkmenistanyň raýatlygyna täze kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak pursaty aýratyn tolgundyryjy boldy. Uzak garaşylan güne ýeten täze raýatlar ellerine alan resminamalarynyň sahypalaryny usullyk bilen agdarýarlar. Pasporty alan raýatlaryň käbirleri bolsa, sahnada öz ýürek buýsançlaryny paýlaşmaga döredilen mümkinçilikden peýdalanýarlar.

“Şu gün meniň begenjimiň çägi ýok - diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Ýana Orazdurdyýewa ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşýar. – Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz birnäçe öýleri baky durmuşyň, ýagşy umytlaryň, rowaçlygyň we bagtyýarlygyň ojagyna öwürdi. Şu bagtly pursatda, tüýs ýüregimden hormatly Prezidentimize hoşallygymy bildirýärin hem-de berk jan saglyk, uzak ömür we halk ähmiýetli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärin”.

Eziz ÖWEZOW








