HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Germaniýanyň kansleri Olaf Şols Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirer

Sentýabr 23, 2023 | 17:41 |9527
Germaniýanyň kansleri Olaf Şols geljek hepde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň Liderlerini kabul eder diýip, Germaniýanyň hökümetiniň metbugat sekretary Şteffen Hebestraýtyň aýdanlaryna salgylanyp, EURACTIV habar berýär.Germaniýanyň kansleri Olaf Şols geljek hepde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň Liderlerini kabul eder diýip, Germaniýanyň hökümetiniň metbugat sekretary Şteffen Hebestraýtyň aýdanlaryna salgylanyp, EURACTIV habar berýär.
Çeşme: Thomas Trutschel/IMAGO

Germaniýanyň kansleri Olaf Şols geljek hepde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň Liderlerini kabul eder diýip, Germaniýanyň hökümetiniň metbugat sekretary Şteffen Hebestraýtyň aýdanlaryna salgylanyp, EURACTIV habar berýär.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri geljek anna güni Berlinde Şols bilen gepleşikleri geçirerler.

Metbugat wekili bu ÝB ýurtlary bilen ilkinji bilelikdäki duşuşyk bolar diýmek bilen, sözüniň üstüni ýetirdi.

Hebestraýt "Gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklar, ykdysady meseleler we energiýa syýasaty hyzmatdaşlygy ýaly birnäçe ugurlary öz içine alar" – diýip belledi.

Hytaý we Ýewropa Bileleşigi ýaly dünýäniň beýleki ösen ýurtlary hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýar.

Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin maý aýyndaky möhüm sammitde Merkezi Aziýanyň bäş Liderini kabul etdi we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hem şu hepde Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde “C5” bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi.

Şeýle hem neşirde, energiýa baý bolan sebite Germaniýa hem gyzyklanýar, sebäbi Berlin alternatiw energiýa çeşmelerini gözleýär diýlip, ýazylýar.

Ozal, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň 29-njy sentýabrda Berlinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlary bilen duşuşjakdygyny habar beripdik.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026