HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

Sentýabr 23, 2023 | 15:52 |5289
Gepleşiklere gatnaşyjylar demir ýol we oňa degişli desgalaryň gurluşygy, demir ýol düzümini elektrikleşdirmek we beýleki ugurlarda döwletara derejesinde we hususy kompaniýalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler.Gepleşiklere gatnaşyjylar demir ýol we oňa degişli desgalaryň gurluşygy, demir ýol düzümini elektrikleşdirmek we beýleki ugurlarda döwletara derejesinde we hususy kompaniýalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler.
Çeşme: @tmembassy_korea

"Türkmendemirýollary" agentliginiň ýolbaşçylary sanly ulgam arkaly Koreýa Respublikasynyň Ulag, infrastruktura we ýer serişdeleri ministrliginiň, Koreýanyň Demir ýol korporasiýasynyň we "Koreýanyň Demir ýollary" döwlet kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Gepleşiklere gatnaşyjylar demir ýol we oňa degişli desgalaryň gurluşygy, demir ýol düzümini elektrikleşdirmek we beýleki ugurlarda döwletara derejesinde we hususy kompaniýalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu pudakdaky hyzmatdaşlyk ugurlaryny öwrenmek maksady bilen şu ýylyň oktýabrynyň ahyrynda ýa-da noýabryň başynda koreý wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak ylalaşyldy.

Türkmen tarapy kärdeşlerini Aşgabatda 1-nji noýabrda geçiriljek 16-njy "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmaga çagyryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026