HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystan Türkmenistan bilen serhetde täze geçiriş nokadyny gurmagy meýilleşdirýär.

Sentýabr 23, 2023 | 15:27 |9894
Owganystan Türkmenistan bilen serhetde - ýurduň Badgis welaýatynyň Bala Murgab etrabynda täze serhet geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada Owganystanyň Hökümetiniň metbugat sekretary Zabihulla Mujahid mälim etdi diýip, “TOLOnews” owgan teleýaýlymy habar berýär.Owganystan Türkmenistan bilen serhetde - ýurduň Badgis welaýatynyň Bala Murgab etrabynda täze serhet geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada Owganystanyň Hökümetiniň metbugat sekretary Zabihulla Mujahid mälim etdi diýip, “TOLOnews” owgan teleýaýlymy habar berýär.
Çeşme: pixabay.com

Owganystan Türkmenistan bilen serhetde - ýurduň Badgis welaýatynyň Bala Murgab etrabynda täze serhet geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada Owganystanyň Hökümetiniň metbugat sekretary Zabihulla Mujahid mälim etdi diýip, “TOLOnews” owgan teleýaýlymy habar berýär.

Zabihulla Mujahid gurluşyk taslamanyň bahasynyň kesgitlenendigini we ony durmuşa geçirmek üçin degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Häzirki wagtda owgan hökümeti kompaniýalar bilen bu taslamanyň gurluşygy boýunça şertnama baglaşmak üçin gepleşikleri geçirýär.Täze serhet geçelgesini döretmegiň maksady harytlaryň eksportyny we importyny işjeňleşdirmekden ybaratdyr.

Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasynyň başlygy Mohammad Ýusuf Momandyň aýtmagyna görä, Bala Murgabda guruljak geçelge iň gowy serhet geçelgesi bolar. Onuň üsti bilen un hem-de ýag daşap bolar. Bu ýerde degişli enjamlary tiz wagtda ornaşdyrmak we gurluşyga başlamak islenilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan – Owganystan serhedinde 2 sany, ýagny, Farýab sebitiniň Akina obasynda we Gerat sebitiniň Turgundy şäherinde serhet geçelgeleri hereket edýär. Täze serhet geçelgesiniň döredilmegi goňşy döwletiň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna eksport-import amallarynyň ýeňilleşmegine ýardam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026