HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçiriljek syýahatçylyk sergisine gatnaşar

Sentýabr 20, 2023 | 21:36 |9439
26 – 29-njy oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “Tourism Expo Japan 2023” halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler. Onda Merkezi Aziýa döwletleriniň sergi bölüminde Türkmenistanyň pawilýony hem görkeziler.26 – 29-njy oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “Tourism Expo Japan 2023” halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler. Onda Merkezi Aziýa döwletleriniň sergi bölüminde Türkmenistanyň pawilýony hem görkeziler.
Çeşme: traveltimes.ru

26 – 29-njy oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “Tourism Expo Japan 2023” halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler. Onda Merkezi Aziýa döwletleriniň sergi bölüminde Türkmenistanyň pawilýony hem görkeziler. Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň sebit ýolbaşçysy Okuda Hisakasu Türkmenistanyň sergide görkeziljek diwarlygynyň nusgasyny görkezdi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we birnäçe syýahatçylyk kompaniýalary bilen geçirilen duşuşykda halkara serginiň çäklerinde guraljak tanyşdyryş çäreleri maslahatlaşyldy. Onda gatnaşyjy ýurtlaryň milli medeni mirasy görkeziler. Serginiň çäklerinde türkmen lybaslarynyň we bezeg şaý-sepleriniň görkezilişini guramak hem meýilleşdirilýär.

“Tourism Expo Japan 2023” halkara syýahatçylyk sergisi degişli pudakda iň iri forumlaryň biridir. Ol her ýylda Ýaponiýanyň Syýahatçylyk assosiasiýasy, Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasy we Ýaponiýanyň Milli syýahatçylyk guramasy tarapyndan guralýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Germaniýada “Demirgazyk akym” gaz geçirijileriniň partladylmagy boýunça ilkinji kazyýet işi başlandy

Germaniýada “Demirgazyk akym” gaz geçirijileriniň partladylmagy boýunça ilkinji kazyýet işi başlandy

16:00 Oktýabr 15, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümler Bütindünýä nebit kongresiniň işine päsgel berdi

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümler Bütindünýä nebit kongresiniň işine päsgel berdi

14:00 Oktýabr 15, 2026
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026