HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow BMG-ni Merkezi Aziýa bilen ekologiki taýdan özara täsiri güýçlendirmäge çagyrdy

Sentýabr 20, 2023 | 01:51 |10198
Sişenbe güni, 19-njy sentýabrda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden çykyşynda BMG bilen daşky gurşawy goramak ugry esasy meselelerden biri boldy.Sişenbe güni, 19-njy sentýabrda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden çykyşynda BMG bilen daşky gurşawy goramak ugry esasy meselelerden biri boldy.
Çeşme: news.un.org

Sişenbe güni, 19-njy sentýabrda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden çykyşynda BMG bilen daşky gurşawy goramak ugry esasy meselelerden biri boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzyň Howa boýunça Pariž Ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli maksatnamalaryň kabul edilendigini aýtmalydyrys. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri ileri tutulyp amala aşyrylýar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanda Metan boýunça ählumumy borçnama Türkmenistanyň goşulmagy baradaky meseläni öwrenmäge gönükdirilen, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky Ýol Kartasy tassyklandy. Bu resminama ýakyn wagtda Guramanyň Sekretariatyna iberiler.

Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologiýa meselelerine has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetdi. Bu meselelere seredilende belli bir hereketsizligi ýeňip geçmeli we örän uly giňişlikleri eýeleýän, özboluşly tebigy serişdeleri hem-de biologik köpdürlüligi bolan, şol birwagtda düýpli ekologiýa töwekgelçilikleriniň zolagynda ýerleşýän 80 milliona golaý ilatly sebit babatda BMG-niň maksatly ekologiýa strategiýasyny taýýarlamak boýunça belli bir salgyly we anyk çärelere başlamaly diýip Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende, Türkmenistan möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş edýär diýip, TDH ýazýar.

Aşgabatda Merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklip etdi.

Merkezi Aziýa Hazar deňzine galtaşýan sebitdir. Özboluşly tebigy toplum bolan bu deňziň Ýer togalagynyň ekologiýasy babatda nähili ähmiýetiniň bardygy hemmelere mälimdir.

Kenarýaka ýurtlar tarapyndan köpýyllyk tutanýerlilik we hormat goýmak arkaly alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, Hazar syýasatynyň umumy esasy düzgünleri işlenip taýýarlandy diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Türkmenistan Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga niýetlenen «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklip edýär diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Biz bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasy, onuň agentlikleri, edaralary we institutlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydyr diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026