HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag şäherinde täze çagalar seýilgähi gurlar

Sentýabr 18, 2023 | 08:36 |6439
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligine Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligine Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

Arkadag şäherinde täze çagalar seýilgähi gurlar. Bu baradaky degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi diýip, Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligine Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we çagalar seýilgähini 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

17-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Ol bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşlerini, şäheriň ekologik ýagdaýyny has-da sagdynlaşdyrmakda ähmiýetli hasaplanýan usullaryň ulanylyşyny synlady.

Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çäginde gurulýan metjidiň bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän bezeg serişdeleriniň görnüşlerini synlady.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, şol sanda Futbol federasiýasynyň merkezi binasynyň taslamasy hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýandeks Sona neýrotoruny döretdi: aýdym-saz maslahatlary has takyk we şahsylaşdyrylan boldy

Ýandeks Sona neýrotoruny döretdi: aýdym-saz maslahatlary has takyk we şahsylaşdyrylan boldy

11:04 Oktýabr 03, 2026
Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

10:54 Oktýabr 03, 2026
Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

22:05 Oktýabr 02, 2026