HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň hünärmenleri energiýa tygşytlamak we energiýa netijeliligi boýunça halkara tejribesini öwrendiler

Sentýabr 16, 2023 | 15:23 |8208
Mary şäherinde okuw seminary geçirildi. Onda Türkmenistanyň hünärmenleri energiýa tygşytlamak we
energiýa netijeliligi, şeýle hem gaty hojalyk galyndylaryny alternatiw energiýa çeşmesi hökmünde
ulanmak babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary işläp
düzmekde halkara tejribesini öwrendiler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky
Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) habar berdi.Mary şäherinde okuw seminary geçirildi. Onda Türkmenistanyň hünärmenleri energiýa tygşytlamak we
energiýa netijeliligi, şeýle hem gaty hojalyk galyndylaryny alternatiw energiýa çeşmesi hökmünde
ulanmak babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary işläp
düzmekde halkara tejribesini öwrendiler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky
Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) habar berdi.
Çeşme: Instagram.com

Mary şäherinde okuw seminary geçirildi. Onda Türkmenistanyň hünärmenleri energiýa tygşytlamak we energiýa netijeliligi, şeýle hem gaty hojalyk galyndylaryny alternatiw energiýa çeşmesi hökmünde ulanmak babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary işläp düzmekde halkara tejribesini öwrendiler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) habar berdi.

Bu seminar BMGÖM bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Türkmenistanyň durnukly şäherleri: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi” atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde gurnaldy. Bu çärä Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI), TDEI-nyň ýanyndaky “Täzelenýän energiýa çeşmeleri” (RES) ylmy-önümçilik merkeziniň wekilleri, şeýle hem BMGÖM-iň taslamasynyň hünärmenleri we halkara geňeşçileri gatnaşdy.

Screenshot_20230916_151857_Instagram.jpg

Seminarda Energetika ministrliginiň, TDEI-nyň we BMGÖM taslamasynyň hünärmenleri bilen bilelikde energiýa netijeliligi we täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek boýunça işler geçirildi. Gatnaşanlar halkara ülňüleri we bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeler, şeýle hem BMGÖM-iň galyndylary durnukly dolandyrmak we galyndylary täzelenýän energiýa çeşmesi hökmünde ulanmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdylar.

Bu seminar, Türkmenistanyň hünärmenleriniň energiýa tygşytlamak we energiýa netijeliligi boýunça hünärlerini ýokarlandyrmaga, şeýle hem bu meseleler boýunça dürli gyzyklanýan taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026