Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi


Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi.
Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasynynyň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, biziň döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak, sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup bilerdi diýlip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda bellenýär.
Bellenişi ýaly, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany umumy tagallalar arkaly Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda, şeýle-de Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň döredilýändigini nygtady.
ORIENT news








