HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşoguz şäherinde ýüzlerçe desgalaryň gurluşyklary alnyp barylýar

Sentýabr 15, 2023 | 10:36 |8472
Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezi şäheri Daşoguzda gurluşygy alnyp barylýan ýüzlerçe desganyň ilkinji 3-siniň dabaraly açylyşy bolar.Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezi şäheri Daşoguzda gurluşygy alnyp barylýan ýüzlerçe desganyň ilkinji 3-siniň dabaraly açylyşy bolar.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezi şäheri Daşoguzda gurluşygy alnyp barylýan ýüzlerçe desganyň ilkinji 3-siniň dabaraly açylyşy bolar. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berýär.

Täze açyljak 3 ýaşaýyş jaýynyň hersi 4 gatdan ybarat bolup, olaryň 2-si 32 öýli, biri hem 16 öýlüdir. Netijede, bu jaýlar 80 maşgalany jaý bilen üpjün eder. Bu jaýlaryň gurluşyklary “Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasynyň ussat işçileri tarapyndan ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda hususy kärhananyň işçi-hünärmenleri welaýat merkeziniň Zaman köçesiniň ugrunda 7 gatly jaýlaryň 12-siniň gurluşyk işlerini alyp barýarlar. Bu täze toplumdaky jaýlaryň 5-siniň her biri 42 öýli, 4-si 56 öýli, 3-si 84 öýli jaýlardyr. Häzirki wagtda bu desgalaryň diwaryny galdyrmak, köpüsiniň bolsa üstüni örtmek işleri alnyp barylýar.

Şäheriň gündogar çetinde 71 gektar çäkde jemi 1496 maşgala niýetlenen köp gatly jaýlaryň 70-si, Saglyk merkezi, 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep gurulýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026