HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Oleg Kononenko şowly we howpsuz uçuşy arzuw etdi

Sentýabr 15, 2023 | 09:01 |6098
Türkmenistanda önüp ösen Oleg Kononenko kärdeşi Nikolaý Çubow bilen şu gün 15-nji sentýabrda, Aşgabat wagty bilen sagat 20:44-de Arş giňişligine iň dowamly syýahatyna ugraýar. Olar älem giňişligindäki Halkara kosmos stansiýasynda 375 gün bolarlar.Türkmenistanda önüp ösen Oleg Kononenko kärdeşi Nikolaý Çubow bilen şu gün 15-nji sentýabrda, Aşgabat wagty bilen sagat 20:44-de Arş giňişligine iň dowamly syýahatyna ugraýar. Olar älem giňişligindäki Halkara kosmos stansiýasynda 375 gün bolarlar.
Çeşme: ria.ru

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko we öz ömrüni kosmonawtika bilen baglan ähli adamlara bütin adamzadyň ösüşine gönükdirilen gaýduwsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

“Men Siziň “TASS” habarlar agentliginiň ýörite habarçysy hökmünde Halkara kosmos stansiýasyna meýilleşdirýän täze kosmos ekspedisiýaňyz baradaky habary watandaşyňyz hökmünde buýsanç duýgusy bilen kabul etdim. Siziň işleriňiziň netijesiniň köp millionly okyjylaryň älem giňişligine akyl ýetirmeginde möhüm maglumat çeşmesi boljakdygyna ynanýaryn” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow hatda belledi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Oleg Kononenko berk jan saglyk, abadançylyk, şowly we howpsuz uçuşy arzuw etdi.

Türkmenistanda önüp ösen Oleg Kononenko kärdeşi Nikolaý Çubow bilen şu gün 15-nji sentýabrda, Aşgabat wagty bilen sagat 20:44-de Arş giňişligine iň dowamly syýahatyna ugraýar. Olar älem giňişligindäki Halkara kosmos stansiýasynda 375 gün bolarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026