HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti MICS-iň täze tapgyry üçin sowalnamalaryň deslapky synagyny tamamlady

Sentýabr 14, 2023 | 19:50 |5892
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Multiindikator klaster barlagynyň (MICS) nobatdaky tapgyry üçin sowalnamalaryň deslapky synagyny tamamlady.Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Multiindikator klaster barlagynyň (MICS) nobatdaky tapgyry üçin sowalnamalaryň deslapky synagyny tamamlady.
Çeşme: instagram.com/unicef_turkmenistan

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Multiindikator klaster barlagynyň (MICS) nobatdaky tapgyry üçin sowalnamalaryň deslapky synagyny tamamlady. Bu barada ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.

Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň öý hojalyklarynyň arasynda 400-den gowrak sowal synag edildi. Deslapky synag haýsy sowallaryň ilat üçin has düşnüklidigini, haýsylarynyň bolsa uýgunlaşdyrylmaga degişlidigini görkezdi.

Köp görkezijiler boýunça klaster barlagy 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan 2024-nji ýylyň fewral aýyna çenli döwürde geçiriler.

Multiindikator klaster barlagy BMG-niň Çagalar gaznasy tarapyndan öý hojalyklary barlamak üçin işlenilip taýýarlanylan halkara maksatnamadyr. Bu syn dünýädäki çagalaryň we zenanlaryň ýagdaýy baradaky statistika maglumatlaryň esasy çeşmeleriniň biri bolup hyzmat edýär. Şeýle hem barlag ýurtlara müňýyllygyň ösüş maksatlaryny gazanmaga we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän esasy görkezijileri ölçeýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026