HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Minskdäki Saharow adyndaky HDEU-de 250 türkmen talyplary ekologiýany özleşdirýärler

Sentýabr 14, 2023 | 19:12 |5821
Belarus döwlet uniwersitetiniň A.D. Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa
institutynda Türkmenistanyň Minskdäki ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen institutyň
müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent Oleg Rodkin bilen duşuşyk geçirildi.Belarus döwlet uniwersitetiniň A.D. Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa
institutynda Türkmenistanyň Minskdäki ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen institutyň
müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent Oleg Rodkin bilen duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Belarus döwlet uniwersitetiniň A.D. Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa institutynda Türkmenistanyň Minskdäki ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen institutyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent Oleg Rodkin bilen duşuşyk geçirildi.

Şeýle hem, duşuşyga ilçihananyň jogapkär işgärleri we müdiriň orunbasarlary, fakultetleriň dekanlary gatnaşdylar. Bellenilşi ýaly, häzirki wagtda A.D. Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa institutynda 250-ä golaý Türkmenistanyň raýaty bilim alýar we olaryň 188-i 2023-nji ýylda instituta girdi.

1.jpg

Duşuşygyň dowamynda okuw, umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşdirmek, hasaba alyş we konsullyk ýazgysy, şeýle hem, gaýtadan gelen Türkmenistanly raýatlaryň Belarusda bolmaklary ýalt meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki wagtda okuw işi institutda üç fakultetde – daşky gurşawa gözegçilik, ekologiýa lukmançylygy, hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýar. Rus dilinde ýokary bilimiň I derejesine hünärmenleri taýýarlamak «Ýader we radiasiýa howpsuzlygy»; «Tebigaty goramak işi» ugry: «Daşky gurşaw menejmenti we seljeriş», «Daşry gurşawa gözegçilik»); «Energiýa täsirli tehnologiýalar we energetika menejmenti»; «Lukmançylyk daşky gurşawy»; «Lukmançylyk fizikasy», «Maglumat ulgamlary we tilsimatlaty» (ugry: saglykda; daşky gurşawda); «Lukmançylyk-biologiýa işi» ýaly 7 kärde amala aşyrylýar.

2-4.jpg

Talyplar: «Inžener», «Ekolog. Daşky gurşawy goramak boýunça inžener», «Inžener- energomenejer», «Lukmançylyk fizigi», «Inžener-programmist», «Inžener-programmist- ekolog». «Biolog-analitik. Biologiýa mugallymy», «Ekolog-bilermen» ýaly hünär derejelerinden birini alýarlar.

Institutyň ýolbaşçylary bilen duşuşykdan we onuň kitaphanasy hem-de okuw işi bilen tanyşlykdan soňra ilçi Türkmenistanly birinji synp talyplar bilen duşuşdy.

y 3-1.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026