HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini bilelikde ösdürmäge çagyrdy

Sentýabr 14, 2023 | 14:17 |6980
14-nji sentýabrda Duşenbede Täjigistanyň milli kitaphanasynyň binasynda “Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar” mowzugy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy geçirildi.14-nji sentýabrda Duşenbede Täjigistanyň milli kitaphanasynyň binasynda “Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar” mowzugy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy geçirildi.
Çeşme: ortcom.kz

14-nji sentýabrda Duşenbede Täjigistanyň milli kitaphanasynyň binasynda “Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar” mowzugy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy geçirildi.

Forumyň işine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri girdi. Ykdysady forumyň dowamynda anyk taslamalaryň derejesinde, tehnologiki hyzmatdaşlykda we bilelikdäki kärhanalary döretmekde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşmalar geçirildi.

Forumda çykyş eden Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň bellemegine görä, has uly durmuş-ykdysady görkezijilere ýetmek üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň ägirt uly serişdelerini we mümkinçiliklerini sazlaşykly ulanmak möhümdir. Bazar mehanizmleriniň we ylalaşylan hereketleriň, maýa goýumlaryň we döwlet-hususy gatnaşyklarynyň giňeldilmegi ýurtlaryň ykdysady ösüşine täze itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, senagat, ulag we hususyýetçilik pudaklarynda serişde mümkinçiliklerine üns çekildi.

Dabara gatnaşanlaryň esasy ünsi sebitiň döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygyň ýokarlandyrylmagyna we munuň üçin amatly şertleriň döredilmegine, şol sanda, logistika ugurlarynyň giňeldilmegine, harytlaryň daşalmagy üçin bar bolan geçelgeleriň döwrebaplaşdyrylmagyna we täze ugurlaryň döredilmegine çekildi.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary sanly ykdysadyýet, elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrmak we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň innowasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy babatynda sebitiň ýurtlarynyň tejribe alyşmagy boýunça we bu ugurlaryň geljegi baradaky sessiýalara hem gatnaşdylar.

Duşenbe şäherinde geçirilen Ykdysady forumyň çäklerinde “akylly” Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

14:00 Noýabr 09, 2026