HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky institutda ýapon dilini öwrenmek üçin okuw otaglary açyldy

Sentýabr 14, 2023 | 11:57 |8906
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dilini öwrenmek üçin okuw otaglary açyldy. Bu otaglar Ýaponiýanyň Hökümetiniň taslamasy esasynda döwrebaplaşdyryldy.Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dilini öwrenmek üçin okuw otaglary açyldy. Bu otaglar Ýaponiýanyň Hökümetiniň taslamasy esasynda döwrebaplaşdyryldy.
Çeşme: Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dilini öwrenmek üçin okuw otaglary açyldy. Bu otaglar Ýaponiýanyň Hökümetiniň taslamasy esasynda döwrebaplaşdyryldy.

Açylyş dabarasyna institutyň rektory Maral Kulyýewa, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroýuki Ýamamoto, ýapon dilini okadýan mugallymlar gatnaşdylar. Jemi 3 sany okuw otagy kompýuter, printer, telewizor, sinhron terjime üçin kabinalar we beýleki enjamlar bilen üpjün edildi. Bu enjamlar ýapon dilini okatmak işinde ulanylar.

ФОТО 2.jpg

Açylyş dabarasynda çykyş eden ilçi Hiroýuki Ýamamoto degişli enjamlaryň we okuw otaglarynyň institutyň mugallymlary we talyplary tarapyndan dil öwrenmek işinde netijeli ulanyljakdygyna we bu çäreleriň geljekde türkmen-ýapon gatnaşyklaryna özüniň goşandyny goşjakdgyna umyt bildirdi.

Häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 100-den gowrak talyp ýapon dili boýunça ýokary bilim alýar. Tutuşlygyna, ýurdumyzda ýapon dilini 13,3 müň adam öwrenýär. Ýapon diliniň dünýäde uly gyzyklanma bildirilip öwrenilýän ýurtlarynyň hatarynda ýurdumyzyň öňdäki hatardadygyny bellemelidiris.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026