HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Balkan” gämigurluşyk zawody koreý hünärmenleri bilen 2 sany gury ýük gämisini gurar

Sentýabr 14, 2023 | 11:10 |11546
“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody we Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding” (KSIT) kompaniýasy ýük göterijiligi 6100 tonna bolan 2 sany gury ýük gämisini bilelikde gurmak hakynda şertnama baglaşdylar.“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody we Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding” (KSIT) kompaniýasy ýük göterijiligi 6100 tonna bolan 2 sany gury ýük gämisini bilelikde gurmak hakynda şertnama baglaşdylar.
Çeşme: "Türkmendeňizderýaýollary" agentligi

“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody we Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding” (KSIT) kompaniýasy ýük göterijiligi 6100 tonna bolan 2 sany gury ýük gämisini bilelikde gurmak hakynda şertnama baglaşdylar.

Degişli resminama Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjam üpjünçiligi assosiasiýasynyň (KOMEA) we KSIT kompaniýasynyň wekilleriniň geçiren gepleşikleriniň netijesinde ylalaşyldy. KSIT kompaniýasy bu assosiasiýanyň hem agzasydyr. Iki sany gury ýük gämisi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň milli söwda flotyny ösdürmek boýunça gol çeken Karary esasynda gurlar.

Şertnamanyň çäklerinde ýokary derejli koreý inženerleri “Balkan” zawodynyň hünärmenlerini gämi gurmak tehnologiýalaryny öwrederler. Şeýle hem zawodda dolandyryşyň ýokary hil derjesi üpjün edilip, alnyp baryljak ähli işler ýokary howpsuzlyk we daşky gurşaw talaplaryna laýyk getiriler. Koreýaly hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň deňiz infrastrukturasyny kämilleşdirmäge we deňiz gatnawlaryny artdyrmaga ýardam eder.

Dürli görnüşli we ölçegli gämileri taslamak, gurmak we abatlamak boýunça ýöriteleşen “Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň Koreýa Respublikasynyň iki port şäherlerinde – Pusanda we Çangwonda zawodlary bar. Kärhana gämi gurmakda we abatlamakda iň döwrebap tehnologiýalary ulanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026