Türkmenistanyň bilim ministri Duşanbede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar


Çarşenbe güni, Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň ikinji forumy işe başlady. Duşuşyk 14-15-nji sentýabr aralygynda Täjigistanyň paýtagtynda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň bäşinji konsultatiw geňeşiniň çäginde geçirilýär. Bu barada Täjigistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berildi.
Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleri, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanuň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşýar. Türkmen wekiliýetine bilim ministri Gurbangül Ataýewa ýolbaşçylyk edýär.
Ýokary bilim ulgamynyň we ýeke-täk ynsanperwer giňişligiň döremegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmeginde esasy faktorlardyr. Merkezi Aziýa uniwersitetleri bilen sebitleýin bilim merkezleriniň ýakyn arabaglanyşygy bilim pudagynda käbir strategiki maksatlara ýetilmegine goşant goşup biler diýip, gurultaýda bellenildi.
Forumyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uniwersitetleriniň arasynda ylmy-mugallymçylyk gatnaşyklary, akademiki çäreleri we iki derejeli bilim maksatnamalaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe şertnama gol çekildi.
ORIENT news








