HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen sazandalary Bişkekde çykyş edýär

Sentýabr 13, 2023 | 19:21 |10609
Bişkek şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň 16-njy forumynyň açylyşy mynasybetli gala-konserti geçirildi. Onda Arkalaşyga agza ýurtlaryň ýaşlar simfoniki orkestriniň düzüminde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzdan 7 sazanda hem çykyş edýär.Bişkek şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň 16-njy forumynyň açylyşy mynasybetli gala-konserti geçirildi. Onda Arkalaşyga agza ýurtlaryň ýaşlar simfoniki orkestriniň düzüminde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzdan 7 sazanda hem çykyş edýär.
Çeşme: Halkara çärä gatnaşýan Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary

Bişkek şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň 16-njy forumynyň açylyşy mynasybetli gala-konserti geçirildi. Onda Arkalaşyga agza ýurtlaryň ýaşlar simfoniki orkestriniň düzüminde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzdan 7 sazanda hem çykyş edýär.

6501c769cd27e516002370.jpg

Gyrgyz paýtagtynda geçirilýän çäre dünýäniň dürli ýurtlaryndan 200-den gowrak döredijilik we sungat adamlaryny bir ýere jemledi. GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkestriniň düzüminde zehinli saz dirižýorlary, şol sanda Russiýadan Sergeý Skripka, Konstantin Naumenko, ýurdumyzdan Resul Gylyjow we Gyrgyzystandan birnäçe dirižýorlar gatnaşýarlar.

6501c76b4fef8661726076.jpg

"ORIENT" öz gezeginde türkmen döredijilik toparyna ýolbaşçylyk edip Gyrgyzystanda bolýan dirižýor Resul Gylyjow bilen söhbetdeş boldy:

-Açylyş dabarasyndaky ýaşlar orkestriniň konsert maksatnamasy örän köpöwüşginli boldy diýip bileris. Orkestriň ýerine ýetirmeginde meşhur saz eserleri şol sanda meşhur filmlerden sazlar ýaňlandy. GDA ýurtlarynyň halklaryna tanyş bolan film sazlarynyň ýaňlanmagy tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Men konsertde kompozitor Nury Halmämmedowyň "Aýgytly ädim" filmi üçin ýazan sazynyň we Ariel Ramiresiň eseriniň orkestr tarapyndan ýerine ýetirilmegine dirižýorlyk etdim. Bu ýerdäki sazandalar, dirižýorlar bir maşgala ýaly. Olar öňem bilelikde birnäçe gezek şeýle çykyşlary ýerine ýetirdiler we geljekde hem dowam etdirerler. Ýaşlar orkestriniň çäklerinde şu ýylyň ahyrynda GDA-nyň medeni paýtagty - Sankt-Peterburgda has uly çykyşlary guralar diýip, Resul Gylyjow belleýär.

6501c770e0187896794653.jpg

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň 16-njy forumynynyň çäklerinde dürli medeni çykyşlar, duşuşyklar we beýleki çäreler guralar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026