HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Apple” “Type-C” portly ilkinji smartfonlaryny tanyşdyrdy

Sentýabr 13, 2023 | 10:23 |10199
“Apple” kompaniýasynyň täze smartfonlarynda kompaniýa degişli bolan “Lightning” portlaryna derek, indi “Type-C” portlary bolar. Täze portly smartfonlaryň ilkinjileri kompaniýanyň Kupertino şäherindäki ştab-kwartirasynda sişenbe güni tanyşdyryldy.“Apple” kompaniýasynyň täze smartfonlarynda kompaniýa degişli bolan “Lightning” portlaryna derek, indi “Type-C” portlary bolar. Täze portly smartfonlaryň ilkinjileri kompaniýanyň Kupertino şäherindäki ştab-kwartirasynda sişenbe güni tanyşdyryldy.
Çeşme: Apple

“Apple” kompaniýasynyň täze smartfonlarynda kompaniýa degişli bolan “Lightning” portlaryna derek, indi “Type-C” portlary bolar. Täze portly smartfonlaryň ilkinjileri kompaniýanyň Kupertino şäherindäki ştab-kwartirasynda sişenbe güni tanyşdyryldy.

Şeýlelikde, täze “iPhone 15”, “15 Plus”, “15 Pro”, “15 Pro Max” modelleri “USB Type-C” portlary bilen çykaryldy. Ýewropa Bileleşiginiň ähli agza döwletlerde öndürilýän we bu ýurtlara getirilýän ähli maglumat enjamlarynyň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bitewi “Type-C” portlaryna geçirilmegi hakyndaky kanuny kompaniýa köp ýyldan bäri “el üzüp” bilmedik portlaryny taşlamaga mejbur etdi.

Mälim edilişine görä, “Type-C” portuna geçilmegi kompaniýanyň önümleriniň beýleki enjamlar bilen baglanyşygyny gowulandyrar we zarýad bermekligi aňsatlaşdyrar. Kompaniýanyň Baş direktorynyň mälim etmegine görä, “Type-C” porty geljegiň tehnologiýasy we ulanyjylar üçin iň gowy tejribedir.

Täze aýfon modelleri birnäçe täzelikleri, şol sanda, kuwwatly “A16 Bionic” prosessoryny, optiki ýakynlaşdyrýan we gijeki režimli kämilleşdirilen kamerany, has ýagty we energiýa tygşytlaýjy OLED ekranyny hem-de 5G we Wi-Fi 6E-ni goldaýan aragatnaşyk ulgamlaryny özünde jemledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026