HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bişkekde GDA-nyň döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Sentýabr 12, 2023 | 22:30 |6283
GDA-nyň döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky ýubileý mejlisini geljek ýylda Moskwada "TASS" habarlar agentliginiň 120 ýyllyk ýubileýi bilen utgaşykly bellemek bellendi.GDA-nyň döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky ýubileý mejlisini geljek ýylda Moskwada "TASS" habarlar agentliginiň 120 ýyllyk ýubileýi bilen utgaşykly bellemek bellendi.
Çeşme: cis.minsk.by

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 19-njy mejlisi geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary we GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet habarlar agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde "TASS" habarlar agentliginiň baş direktory Andreý Kondraşow bir agyzdan GDA-nyň döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşine başlyk saýlandy. Mejlisde Geňeşiň 2022-2023-nji ýyllarda alyp baran işlerine we geljek ýylda alyp barjak işlerine seredildi. Geljek ýyllarda Arkalaşygyň çäklerinde yglan edilen ýyllaryň, şol sanda Arkalaşygyň medeni, ýaşlar we sport şäherleriniň çäklerinde habar beriş serişdelerinde ýerine ýetirilmeli wezipelere barada pikir alyşmalar boldy. Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda GDA agza döwletleriň halklarynyň goşan goşandyny wagyz etmegiň möhümdigi bellendi.

6500a03449ac3517017543.jpg

GDA-nyň döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky ýubileý mejlisini geljek ýylda Moskwada "TASS" habarlar agentliginiň 120 ýyllyk ýubileýi bilen utgaşykly bellemek bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026