HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Koreýanyň ilçihanasy türkmen dalaşgärlerini 2024-nji okuw ýyly üçin bakalawr talyp hakly meýilnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

Sentýabr 12, 2023 | 19:15 |24378
Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Halkara bilim
milli instituty, döwlet talyp hakly maksatnamasyna arzalaryň kabul
edilýändigini habar berýär. Dalaşgärler goşulan resminamalary:
gollanma we arzany ýükläp alyp,
ilçihana arzalary berip bilerler.Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Halkara bilim
milli instituty, döwlet talyp hakly maksatnamasyna arzalaryň kabul
edilýändigini habar berýär. Dalaşgärler goşulan resminamalary:
gollanma we arzany ýükläp alyp,
ilçihana arzalary berip bilerler.
Çeşme: kabinetavtora.ru

Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Halkara bilim milli instituty, döwlet talyp hakly maksatnamasyna arzalaryň kabul edilýändigini habar berýär. Dalaşgärler goşulan resminamalary: gollanma we arzany ýükläp alyp, ilçihana arzalary berip bilerler.

Bakalawr meýilnamasy 4-6 ýyllyk okuw üçin niýetlenendir. Birinji ýyl koreý dilini öwrenmäge bagyşlanýar. Koreýa ilçihanasynyň üsti bilen giriş 2 ýeri göz öňünde tutýar - etniki däl koreý - 1 adam, etniki koreý - 1 adam.

Bakalawr talyp hakly maksatnamasy orta mekdebi ýa-da kolleji 2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda ýa-da ondan öň tamamlan dalaşgärler üçin açykdyr.

Eger, arza beriji uniwersitet arkaly girmegi saýlasa (ýagny, «University track» saýlaýar), onda resminama tabşyrmak boýunça görkezmelere laýyklykda özbaşdak poçtadan göni uniwersitetlere tabşyrylmalydyr.

Resminamalar 2023-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan 9-njy oktýabry aralygynda Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda kabul edilýär. Welaýatly talyplar resminamalar bukjasyny 744000, Aşgabat, Azady 17 salgysyna poçta arkaly iberip bilerler.

E-poçta bilen iberilen resminamalaryň kabul edilmeýändigini unutmaň.

Guramaçylar, söhbetdeşligiň senesi we wagty barada gatnaşyjylara aýratyn habar bererler. Synagyň birinji tapgyrynyň netijeleri 13-nji oktýabrdan soň yglan ediler.

Ilçihananyň habarlaşmak üçin belgisi: +993-6585-7173
(09: 00 ~ 18:00)

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026