Aşgabatda Türkmenistanyň tennis boýunça çempionaty başlandy


Türkmenistanyň paýtagtynda, 11-17-nji sentýabr aralygynda tennis boýunça milli çempionaty we ýetginjekler birinjilikleri geçirilýär. «Aşgabat» stadionynyň tennis kortlaryna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 273 tennisçi ýygnandy. Olar ýekelikde we jübütde medal almak üçin bäsleşerler.
Bu ýaryşlar, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 14-28-nji oktýabr aralygynda Özbegistanda geçiriljek 14 ýaşa çenli halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin saýlama tapgyrlaryndan biridir. Şeýle hem, Türkmenistan çempionatynda erkekleriň çykyşlarynyň netijelerine esaslanyp, 16-23-nji oktýabr aralygynda Türkiýede geçiriljek Dewis kubogy toparlary dörediler.
Dewis kubogy - 8 ýurdyň: Türkmenistanyň, Siriýanyň, Kuweýtiň, Yragyň, Gyrgyzystanyň, Guamyň, Singapuryň we Birleşen Arap Emirlikleriniň gatnaşjak, tennis boýunça abraýly topar ýaryşydyr.
Çempionatyň we birinjiligiň açylyşy 11-nji sentýabrda geçirildi. Dabara Türkmenistanyň tennis federasiýasynyň wekilleri, türgenler we tälimçiler gatnaşdy.
ORIENT news








