HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen agyr atletikaçy Er-Riýadda geçirilen dünýä çempionatynda kiçi bürünç medal aldy

Sentýabr 12, 2023 | 13:49 |8390
Er-Riýadda (Saud Arabystany) agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda, 81 kilograma çenli
agram derejesinde bäsleşýän türkmen agyr atletikaçy Gaýgysyz Toräýew kiçi bürünç medal
gazandy.Er-Riýadda (Saud Arabystany) agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda, 81 kilograma çenli
agram derejesinde bäsleşýän türkmen agyr atletikaçy Gaýgysyz Toräýew kiçi bürünç medal
gazandy.
Çeşme: Instagram.com/torayew.gaygysyz

Er-Riýadda (Saud Arabystany) agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda, 81 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşýän türkmen agyr atletikaçy Gaýgysyz Toräýew kiçi bürünç medal gazandy.

Türkmenistanly agyr atletikaçy 193 kilogramy götermegi başardy we şeýlelik bilen dünýä çempionatynda kiçi bürünç medalyň eýesi boldy.

Jemi goşa ýaryşda Toräýew 343 kg (150 + 193) netije görkezdi. Bu agramda Italiýaly Oskar Reýs - 356 kg (163 + 193) çempion boldy. Indoneziýaly wekil Erwin Rahmat 354 kg (145 + 209) bilen ikinji ýeri eýeledi.

Ilkinji üçlügi Özbegistanly M.Toşemirow - 352 kg (164 + 188) ýapdy.

Er-Riýadda, 4-nji sentýabrdan 14-nji sentýabr aralygynda geçiriljek dünýä çempionaty Olimpiýa saýlama tapgyrlaryndan biridir. Bu ýaryşda ýüzden gowrak ýurtdan alty ýüzden gowrak agyr atletikaçy 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylary kesgitleýän reýtingdäki ýerler üçin bäsleşmäge ýygnandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026