HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Baş konsul Saratow döwlet uniwersitetine bardy

Sentýabr 12, 2023 | 09:50 |6940
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew “Akylly şäher. Sport bilen ýaşa!” ady bilen geçirilýän II Bütinrussiýa oýunlarynyň çärelerine gatnaşmagyň çäklerinde Saratow döwlet uniwersitetine bardy we talyplar bilen duşuşdy. Bu barada ýokary okuw mekdebi habar berýär.Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew “Akylly şäher. Sport bilen ýaşa!” ady bilen geçirilýän II Bütinrussiýa oýunlarynyň çärelerine gatnaşmagyň çäklerinde Saratow döwlet uniwersitetine bardy we talyplar bilen duşuşdy. Bu barada ýokary okuw mekdebi habar berýär.
Çeşme: sgu.ru

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew “Akylly şäher. Sport bilen ýaşa!” ady bilen geçirilýän II Bütinrussiýa oýunlarynyň çärelerine gatnaşmagyň çäklerinde Saratow döwlet uniwersitetine bardy we talyplar bilen duşuşdy. Bu barada ýokary okuw mekdebi habar berýär.

Ýokary okuw mekdebiniň rektory A.N.Çumaçenko we beýleki ýolbaşçylar bilen geçirilen duşuşykarda bu ýerde bilim alýan türkmen talyplarynyň okuw şertleri barada pikir alşyldy. Bellenişi ýaly, bu ýokar okuw mekdebinde okaýan türkmenistanly talyplaryň sany 1381-e ýetýär.

64ffe60f20d6b434803975.jpg

Saratow döwlet uniwersitetiniň rektorynyň bellemegine görä, türkmen talyplary ýokary okuw mekdebinde okaýan daşary ýurtlularyň aglabasyny düzýär. Olaryň bilim almagy we amatly ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegi babatda tagallalar edilýär. Türkmen talyplarynyň rus ýaşlarynyň gurşawyna goşulyşmagy hem möhüm ähmiýetlidir. Şonuň üçin-de olar uniwersitet we şäher derejesinde geçiriýän çärelere işjeň ganaşýarlar. Mälim edilişine görä, türkmen talypl;arynyň gatnaşmagynda dürli medeni çäreler hem guralýar. Şolaryň hatarynda “Nowruz gözeli”, “Talyp bahary”, “Talyp Garpamygy” ýaly çäreleri görkezmek bolar.

64ffe61f911f7396384447.jpg

Saratow – köpmedeniýetli şäher bolup, bu ýerde her ýyld 50-den gowrak dürli çärelere geçirilýär. Bu baýramçylyklar milletine garamazdan, şäherde ýaşaýan islendik ýaşaýjy üçin umumy býrama öwrüldi diýip, ýokary okuw mekdebiniň rektory mälim edýär.

64ffe62a7cc20557089867.jpg

Saratow döwlet uniwersitetinde okaýan türkmen talyplarynyň bilmimleri özledirişi, bilim şertleri we geljekki iş mümkinçilikleri duşuşyklarda esasy ara alnyp maslahatlaşylan temalar boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026