HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Galkynyş” gaz käninden tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy

Sentýabr 12, 2023 | 09:03 |8185
Ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň gory “Ýaşlar” gaz käni bilen bilelikde häzirki wagtda 26,2 trillion kubmetre barabar we bu känleriň bir bölegi bolan täze açylan Garaköl ýatagynyň gory hasaba alnanda jemi 27,4 trillion kubmetre barabar diýlip hasaplanylýar.Ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň gory “Ýaşlar” gaz käni bilen bilelikde häzirki wagtda 26,2 trillion kubmetre barabar we bu känleriň bir bölegi bolan täze açylan Garaköl ýatagynyň gory hasaba alnanda jemi 27,4 trillion kubmetre barabar diýlip hasaplanylýar.
Çeşme: oilgas.gov.tm

Ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň gory “Ýaşlar” gaz käni bilen bilelikde häzirki wagtda 26,2 trillion kubmetre barabar we bu känleriň bir bölegi bolan täze açylan Garaköl ýatagynyň gory hasaba alnanda jemi 27,4 trillion kubmetre barabar diýlip hasaplanylýar. Bu barada “”Nebit-gaz” gezeti habar berýär.

Bu gaz käninde ulanyşa girizilen gaz guýularynyň her biriniň bir gije-gündizde 2 million kubmetre çenli önüm bermegi “Galkynyş” gaz käniniň örän baý tebigy gaz goruna eýedigini subut edýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazburwlaýyş” müdirliginiň gazçylary tarapyndan “Galkynyş” gaz känindäki 238-nji belgili ulanyş guýusynda buraw işleriniň 4 müň 557 metr çuňlukda ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4496 – 4214 metr aralykdaky gatlaklarda jemi 189 metr aralykda geçiirlen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 2 million 264 kubmetr tebigy gaz berýär. “Galkynyş” gaz käniniň geologik we tehniki häsiýetlerine laýyk gelýän Ýaponiýanyň “Sumitomo” kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalary, çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary giňden peýdalanyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026