Arkadag şäheri we Sankt-Peterburg hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekdiler


Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer pudaklarynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekdiler.
«Bu ylalaşyk medeniýet pudagynda, senagat gatnaşyklarynda, bilimde, sportda ykdysady gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegini öz içine alýar», - diýip Beglowyň žurnalistlere aýdandygyny TASS habar berýär.
Gubernatoryň metbugat gullugynyň habaryna görä, eýýäm 2027-nji ýyla çenli degişli hereket meýilnama taýýarlandy.
Geljekde Sankt-Peterburg we Arkadag senagat, ylym, IT-tehnologiýasy, bilim we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlyk edip biler. Aleksandr Beglow tejribe alyşmak üçin hünärmenleriň duşuşyklaryny guramagy teklip etdi.
Sankt-Peterburgyň gubernatory 10-11-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanda iş sapary bilen boldy we şol döwürde ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Şeýle hem, Beglow türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
ORIENT news








