HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Sankt-Peterburgyň gubernatory ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar

Sentýabr 11, 2023 | 16:13 |7571
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy.

“Sankt-Peterburgyň hökümeti Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň syýasy we ykdysady ähmiýetini oňat düşünýär. Biz bu gatnaşyklary halkara derejesinde-de ileri tutýarys. Gatnaşyklarymyz, ýurtlarymyzyň Prezidentleri tarapyndan alnyp barylýan strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak syýasatyna doly gabat gelýär” diýip, Aleksandr Beglow belledi.

Gubernator, Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen bolan duşuşygynda Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary we ynamdar derejä ýetendigini, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy taslamalarynyň şeýle-de taraplaryň wekiliýetleriniň özara saparlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýändigini nygtady. Bu barada gubernatoryň metbugat gullugy habar berýär.

Aleksandr Beglowyň pikiriçe, medeni gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir. Hususan-da, Sankt-Peterburgda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini oturtmak meselesi çözülýär. Ony şäheriň taryhy merkezinde - Petrogradskiý etrabynyň Çkalowskiý prospektindäki 15-nji jaýyň golaýyndaky seýilgähde ýerleşdirmek kararyna gelindi.

“Biz Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň ýadygärligini goramaga berilýän ünse ýokary baha berýäris. Şu aýda Leningradyň goranmak we gabaw muzeýinde “Leningrady goramakda türkmenler” atly medeni-magaryf çäresi geçiriler” diýip, Aleksandr Beglow aýtdy.

Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky Sankt-Peterburgyň wekiliýetiniň häzirki wagtda Aşgabat şäherine resmi sapary dowam edýär. Gubernatory Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem kabul etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026