HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar

Sentýabr 11, 2023 | 15:35 |8310
Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň netijelerine we geljegi uly taslamalara garaldy diýip, spbdnevnik.ru neşiri habar berýär.Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň netijelerine we geljegi uly taslamalara garaldy diýip, spbdnevnik.ru neşiri habar berýär.
Çeşme: orient.tm

Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň netijelerine we geljegi uly taslamalara garaldy diýip, spbdnevnik.ru neşiri habar berýär.

Gubernator Beglowyň bellemegine görä, Peterburgyň Hökümeti özara gatnaşyklara ägirt uly ähmiýet berýär. Bu iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça ylalaşyklaryna doly laýyk gelýär.

Beglow Peterburg bilen özara gatnaşyklara uly üns berýändigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Peterburgyň kompaniýalary Türkmenistanda ýol we inžener desgalarynyň gurluşygyna gatnaýar. Munuň anyk mysaly hökümnde, ýakynda Aşgabadyň eteginde gurlup ulanmaga berlen sil suwlaryny sowujy toplumy görkezmek bolar.

Kompaniýa energetika pudagynda "Türkmenergo" döwlet korporasiýasy bilen hem hyzmatdaşlyk edýär. Mary we Türkmenbaşy şäherlerindäki elektrik stansiýalaryň irki bloklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ykdysady, maliýe we tehniki esaslary öwenmek üçin bilelikdäki Iş topary döredildi.

Duşuşygyň barşynda peterburg-türkmen işewürlik forumyny geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy. Bu forum ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer. Sankt-Peterburg we Arkadag şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak hyzmatdaşlyk babatda möhüm ädim bolar. Bu boýunça degişli ylalaşygy baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Beglwoyň mälim etmegine görä, Sankt-Peterburg şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini gurmak meseleleri çözülýär. Munuň üçin şäheriň taryhy künjegi saýlanyp alyndy.

Geçen okuw ýylynda Sankt-Peterburg şäherinde 1 müňden gowrak türkmen talyby bilim aldy. Geçen ýylyň dekabrynda iki ýurduň ýolbaşçylary Bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek ylalaşygyny gazandylar. Peterburgly alymlaryň birnäçesi Žores Alfýorow adyndaky Elektronika we nonotehnologiýalar boýunça Türkmen institutyny döretmek başlangyjyny öňe sürdüler.

Beglowyň mälim etmegine görä, türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek Sankt-Peterburgyň daşary ykdysady we halkara gatnaşyklarynyň esasy ugry bolmagynda galar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026