Aşgabatdaky mugallymçylyk mekdebinde rus dilini başlangyç tapgyrda netijeli okatmagyň täze usullary öwrenilýär


Aşgabat şäherindäki Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde rus dilini başlangyç tapgyrda çuňlaşdyryp okatmak üçin çagalar baglary üçin ýokary derejeli mugallym-terbiýeleýjileri taýýarlamakda täze usullar öwrenilýär. Bu barada “Mugallymlar gazeti” habar berýär.
Rus dilini kiçi ýaşly çagalara öwretmek işinde oýun usullaryna uly ämiýet berilýär. Şunda bu işleriň çagalary 3 dilli ulgamda terbiýelemek ýörelgelerine laýyk gelmelidir. Daşary ýurt dillerini öwrenmäge öwredilen iň ýönekeý endikler çagalara geljekde rus dilini ýeňil özleşdirmäge ýardam eder.
Häzirki wagtda Aşgabatdaky mugallymçylyk mekdebinde bilim alýan ýaşlar rus dili mugallymlary bilen bu dili öwretmek üçin ýörite oýunlary taýýarlaýarlar. Bu oýun usllary ýakyn wagtda mugallymçylyk mekdebiň 3-nji ýyl talyplary öz tejribelik işlerinde synagdan geçirerler.
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi adatça çagalar baglary we umumybilim berýän mekdepleriň başlangyç synplary üçin mugallymlary taýýarlaýar.
ORIENT news








