Aşgabat Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň mejlisini kabul edýär


Aşgabatda, DIM-niň binasynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň 6-njy mejlisi geçiriler.
Mejlis 11-nji senýabrda açylyp, 13-nji sentýabra çenli dowam eder. Çärä Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri gatnaşarlar.
2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň Beýanatynda bäş Hazarýaka döwletleriň Prezidentleri “Hazar deňzinde harby iş babatda ynanyşmak çäreleri hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak boýunça gepleşigi çaltlandyrmak barada” aýtdylar.
Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň bäşinji mejlisi 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Moskwada geçdi, ondan öňküleri bolsa 2022-nji ýylyň maý aýynda Tähranda, 2021-nji ýylyň fewral aýynda Moskwada, 2019- njy ýylyň aprel aýynda Astanada we 2019-njy ýylyň fewral aýynda Bakuwda geçdi.
ORIENT news








