HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aleksandr Beglow häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşaýan gabawdaky Leningradyň ýaşaýjylary bilen duşuşdy

Sentýabr 10, 2023 | 21:47 |7007
Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow ýekşenbe güni häzirki
wagtda Türkmenistanda ýaşaýan gabawdaky Leningradyň ýaşaýjylary bilen
duşuşdy diýip Smolnyý habar berýär.Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow ýekşenbe güni häzirki
wagtda Türkmenistanda ýaşaýan gabawdaky Leningradyň ýaşaýjylary bilen
duşuşdy diýip Smolnyý habar berýär.
Çeşme: gorod-plus.tv

Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow ýekşenbe güni häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşaýan gabawdaky Leningradyň ýaşaýjylary bilen duşuşdy diýip Smolnyý habar berýär.

Gabawdaky Leningradyň ýaşaýjylary Galina Alekseýewna Mämedowa hem-de Mariýa Dmitriýewna Awanesowa bilen duşuşyk RF-yň ilçihanasynda çaý başyndaky söhbetdeş görnüşinde geçdi.

Beglow Sankt Peterburgda gabawy böwüsmegiň 80 ýyllygynyň nähili bellenilip geçilendigini we häzirki wagtda Leningradyň faşist gabawyndan doly azat edilmeginiň 80 ýyllygyny belläp geçmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada gürrüň berdi.

Russiýada we Türkmenistanda uruş we gabaw baradaky hatyra mukaddesdir. Prezident Wladimir Wladimirowiç Putiniň tabşyrygy boýunça Leningrady goramagyň we gabawynyň muzeýiniň ekspozisiýasy giňeldildi, Leningrady goramagyň we gabawynyň taryhynyň instituty döredildi. Weteranlaryň başlangyjy boýunça muzeýiň öňünde Gabawdaky mugallymlara we Gabawdaky lukmanlara ýadygärlikler oturdyldy. Ertir biz Aşgabatda “Dostluk” ýadygärliginiň düýbüni tutarys. Ol leningradlylara hem-de gabawdaky Leningraddan göçürilen çagalar we zenanlary kabul eden Türkmenistanyň ýaşayjylaryna bagyşlanar dýiip gubernator belledi.

Şeýle hem ol ýaşaýan ýerine garamazdan, gabawdaky leningradlylaryň ählisine Leningradyň faşist gabawyndan doly azat edilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan ýadygärlik nyşanynyň gowşuryljakdygyny habar berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026