HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýly alymlar älemdäki jisimlere galtaşmazdan ýerini üýtgetmek üçin enjam döretdiler

Sentýabr 10, 2023 | 14:31 |6811
Hytaýly alymlar älem zibillerini sowup ýa-da ýerini üýtgedip bilýän, şeýle hem 1 km uzaklykda älem
gämilerini özüne çekip bilýän prototip enjamyny döretdiler. Enjam, ýokary tizlikli plazma halkalaryny
atýan magnitli koaksial ýaragyň esasynda işleýär. Bu gözleg «Systems Engineering and Electronics»
žurnalynda çap edildi diýip, China Morning Post habar berýär.Hytaýly alymlar älem zibillerini sowup ýa-da ýerini üýtgedip bilýän, şeýle hem 1 km uzaklykda älem
gämilerini özüne çekip bilýän prototip enjamyny döretdiler. Enjam, ýokary tizlikli plazma halkalaryny
atýan magnitli koaksial ýaragyň esasynda işleýär. Bu gözleg «Systems Engineering and Electronics»
žurnalynda çap edildi diýip, China Morning Post habar berýär.
Çeşme: tyulyagin.ru

Hytaýly alymlar älem zibillerini sowup ýa-da ýerini üýtgedip bilýän, şeýle hem 1 km uzaklykda älem gämilerini özüne çekip bilýän prototip enjamyny döretdiler. Enjam, ýokary tizlikli plazma halkalaryny atýan magnitli koaksial ýaragyň esasynda işleýär. Bu gözleg «Systems Engineering and Electronics» žurnalynda çap edildi diýip, China Morning Post habar berýär.

Alymlar «jedaýlaryň güýjini» ulanyp, gahrymanlaryň dürli zatlary ellemän ýerini üýtgedip bilýän «Ýyldyz söweşleri» filmiň seriýasyndan ylham aldylar. Olar älem gämilerini, emeli hemralary we älem beketlerini goramak we goldamak üçin ulanyp boljak enjam döretmek islediler.

Enjamyň esasyny düzýän ýarag, 10 müň m/s tizlik bilen plazma halkalaryny döredýär. Ol sekuntda bir nyşana sekiz sany plazma halkasyny atyp bilýär. Plazma halkalary demir ýüzüne ýa-da düzüminde metallary öz içine alýan zatlara täsir edip biler. Enjam, obýektleriň hereket traýektoriýasyny üýtgedip, olary daşlaşdyryp ýa-da özüne çekip biler.

Enjam, barlaghanada älem galyndylarynyň we emeli hemralaryň modellerinde synag edildi. Alymlar mundan beýläk synaglary geçirmegi we oýlap tapyşlaryny kämilleşdirmegi meýilleşdirýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026