HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Amyderýa sebiti NASA tarapyndan Arşdan surata düşürildi

Sentýabr 10, 2023 | 12:00 |13915
ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugy (NASA) Ýeriň emeli hemrasyndan Amyderýa sebitiniň suratyny alyp, özüniň web-saýtynda ýerleşdirdi.ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugy (NASA) Ýeriň emeli hemrasyndan Amyderýa sebitiniň suratyny alyp, özüniň web-saýtynda ýerleşdirdi.
Çeşme: MODIS Land Rapid Response Team

ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugy (NASA) Ýeriň emeli hemrasyndan Amyderýa sebitiniň suratyny alyp, özüniň web-saýtynda ýerleşdirdi. Surat bilen şeýle ýazgylary mälim etdi: “ 2023-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda “NASA Aqua” emeli hemrasynda orta ululykdaky spektroradiometr Amyderýanyň Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäklerindäki ýaşyl zolaklary şöhlelendirýän suratyny aldy”.

“Amyderýa Merkezi Aziýanyň Pamir daglaryndan gözbaş alyp, çölüň içi bilen akyp, iň soňunda Aral deňzine guýýar. Sebitiň iň ri derýalarynyň biri hökmünde, ol halas ediji ähmiýetlidir: Ol çöli ýaşyla öwrüp, adamlary, ösümlikleri we janly-jandarlary gülledip ösdürýär, olara ýaşaýyş bagyşlaýar”.

Çap edilen materialda Aral deňzi barada hem durlup geçilýär: “ Suratyň ýokarky çep burçunda ak şorlugy görmek bolýar. Ondan gündogarda täze açylan ýerleri, ýaşyl we gök öwüsýän zolaklary görmek bolýar. Boşap galan bu ýerler bir mahal joşgunly Aral deňziniň galyndylaryny alamatlandyrýar. Aral deňzini suwlulandyrýan derýalaryň (Amyderýa we Syrderýa) ugruny üýtgetmegi we köp möçberde sarp edilmegi onuň göwrümi ep-esli kiçeldi. Häzirki wagtda Aral deňziniň köp bölegi gurap, duzly çöllüge öwrüldi. Bu duz tozana öwrülip, töwereklere aňsat ýaýraýar.

Mundan ozal, biz rus kosmanawty Oleg Artýomowyň Arş gämisinde Merkezi Aziýanyň üstünden uçup barýan wideosyny siziň bilen paýlaşypdyk.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
17-nji iýun bilen 2-nji iýul aralygyndaky adatdan daşary yssy howa sebäpli kadaly derejeden ýokary adam pidalarynyň sany 5764-e ýetdi

17-nji iýun bilen 2-nji iýul aralygyndaky adatdan daşary yssy howa sebäpli kadaly derejeden ýokary adam pidalarynyň sany 5764-e ýetdi

16:20 Iýul 24, 2026
Saud Arabystany bilen ABŞ parahatçylykly atom energiýasy boýunça hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler

Saud Arabystany bilen ABŞ parahatçylykly atom energiýasy boýunça hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler

15:00 Iýul 24, 2026
KDR-da däp bolan dessurlar Ebola gyzdyrmasyna garşy göreşi kynlaşdyrýar

KDR-da däp bolan dessurlar Ebola gyzdyrmasyna garşy göreşi kynlaşdyrýar

14:20 Iýul 24, 2026