HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda iň ýyndam ahalteke bedewler mälim edildi

Sentýabr 05, 2023 | 09:04 |5910
Ýakynda Aşgabat atçylyk toplumynda Türkmenistanda güýzki at çapyşyk möwsüminiň ilkinji ýaryşlary geçirildi. Aýdym-sazlar bilen başlanan möwsümde 7 çapyşyk geçirilip, onda ýyndam bedewler öňe saýlandy.Ýakynda Aşgabat atçylyk toplumynda Türkmenistanda güýzki at çapyşyk möwsüminiň ilkinji ýaryşlary geçirildi. Aýdym-sazlar bilen başlanan möwsümde 7 çapyşyk geçirilip, onda ýyndam bedewler öňe saýlandy.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Ýakynda Aşgabat atçylyk toplumynda Türkmenistanda güýzki at çapyşyk möwsüminiň ilkinji ýaryşlary geçirildi. Aýdym-sazlar bilen başlanan möwsümde 7 çapyşyk geçirilip, onda ýyndam bedewler öňe saýlandy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

At çapyşyklaryň ilkinji tapgyrynda 3, 4 we uly ýaşar bedewler 1400, 2000 we 2200 metr aralyklar boýunça ýaryşdylar. Birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Daýanjym atly dor at pellehana ilkinji bolup geldi. Ol bu aralygy 1 minut 56,7 sekuntda geçdi. 1400, 2000 we 2200 metr aralyklara guralan at çapyşyklarynda Gyzlar, Guwandyk, Kysmat, Günhan we Bezirgen atly bedewler birinji geldiler.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular we köpsanly muşdaklar at çapyşyklaryň tomaşaçylary boldular.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026
Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

Hytaý bilen Türkiýe ýaşyl energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy: ýurda on ýylda goşmaça 100 GW kuwwat gerek bolar

13:00 Noýabr 11, 2026