Lukmançylyk, adam hukuklary, sowadyjy we ýene köp zatlar ýa-da Gündogar medeniýeti adamzada näme berdi?!


Gündogar we Günbatar – häzirki zaman dünýäde diňe bir günüň hereket edýän tarapyny aňlatman, eýsem, gadymy medeniýetleriň aňlatmasy bolup hem hyzmat edýär. XIX-XX asyrlarda Günbatar medeniýeti senagat öwrülişiginiň we ylma we önümçilige gyzyklanmanyň artmagy netijesinde ylymda, tehnikada we tehnologiýada uly öňegidişliklere ýetmegi başardy. Ýöne, Ýewropanyň we Amerikanyň alymlarynyň oýlap tapyşlarynyň we açyşlarynyň özeninde Aziýa ylmynyň ýatandygyny az adam bilýär.
“ORIENT” bu makalada häzirki zaman ylmy ösüşinde wajyp orny eýelän öz gözbaşyny Gündogar ylmyndan alyp gaýdýan oýlap tapyşlaryň käbiri barada söz açmakçy.
Algebra
Başlangyç synpy gutran islendik okuwçy täze matematiki dersler – algebra we geometriýa bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu dersleri aýratyn ugur hökmünde ösdüren häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan Al-Horezmi hasaplanylýar. Biziň eramyzyň 820-nji ýyllarynda ol “Goşmak we deňlemek arkaly hasaplamalaryň ýygyndysy” atly esasy eserini ýazypdyr. Algebranyň aýratyn ugur hökmünde ösmegine iteren bu eserde inedördül deňlemeleri çözmekde dürli formulalar we matematiki myasllar getirilýär. Bu ders häzirki döwürde dünýäniň ähli ýurtlarynda okadylýar we öwrenilýär. Türkmenistanda umumybilim berýän mekdeplerde “Algebra we analiziň başlangyçlary” dersinden döwlet synaglary tabşyrylýar.
Adam hukuklary
Günbatar dünýäde esasy üns berilýän adam hukuklary diýen düşünje aslynda ilki Aziýada dörändir. Munuň şeýledigine patyşa Kiriň bişirilen palçyk “kagzylaryň” ýüzüne ýazdyran düzgünleri hem şaýatlyk edýär. Olarda Wawilony basyp alan patyşa Kiriň patyşalykda nädip deňhukukly jemgyýetçilik gurluşyny döredendigi beýan edilýär. Adamzadyň ilkinji kanun namasynda her bir adamyň hukuklaryna kepillik geçilýär. Köp adamlar 3 müň ýyl ozal ýazylan bu düzgünleri häzirki BMG-niň Adam hukuklary baradaky Jarnamasy bilen deňeýär.
Lukmançylyk
Abu Aly ibn Sina häzrki zaman lukmançylyk ylmynyň atasy, ady yslam dünýäsine şol sanda tutuş dünýä ýaýran belli alym. Beýik lukman we tebip barada Gündogardan has uzaklarda hem bilinýär. Onuň “Lukmançylygyň kanunlary” atly işinde keseli bejermegiň usullary we munuň üçin ulanylmaly serişdeler barada gymmatly maglumatlar bar. Gündogar hekiminiň lukmançylyk barada galdyran gymmatly gollanmalaryny Ýewropanyň tebipleri hem giňden ulanyp, bu ugry soň has kämilleşdiripdirler. Türkmenleriň arasaynda Lukman Hekim diýlip tanalýan alym Gippokrat we Galen ýaly gadymy döwrüň tebiplerinden ýüzlerçe ýyl soň, bejeriş-lukmançylyk ylmyna täze janlanyş bagyşlan alymlaryň biridir.
Poçta
Gündogar medeniýeti diňe bir baý medeni dürlüligi bilen tapawutlanman, ägirt uly çäk giňişligi bilen hem aýratyn tapawutlanýar. Müsürden Hytaýa çenli ägirt uly giňişligi tutýan Gündogar medeniýetine we onuň beýleki medeniýetler bilen arabaglanyşygyny üpjün edýän tiz we ynamdar aragatnaşyk ulgamy ýa-da hyzmaty zerur bolupdyr. Bu biri-biri bilen işjeň söwda aragatnaşygyny saklaýan halklar üçin-de ähmiýetli bolupdyr. Şunuň bilen çaparçylyk häzirki wagtda atlandyrylýan poçta hyzmaty döräpdir. Ilkinji gezek bu aragatnaşyk ulgamy ahemenidler döwründe ýagny, 550 – 330-njy ýyllarda döräpdir. “Pirradazlar” diýlip atlandyrylýan çaparlar bir nokatdan başga bir nokada çenli berlen haty biri-birine geçirip, barmaly eýesine eltipdirler. Şeýle usulda häzirki Eýrandan ugradylan hat bir hepdäniň içinde Türkiýä baryp ýetipdir. Soňlugy bilen hatlary bu usulda eltip bermek Hindistandan Gresiýa çenli ägirt uly çäge eýe bolan Ahemenidler imperiýasynyň aragatnaşyk serişdesine öwrülipdir.
Sowadyjy
Sowadyjylaryň ilkinji alamatlaryny özünde jemelýän sowadyjy ammarlaryň Aziýada dörändigini az adam bilýän bolsa gerek. Häzirki Merkezi Aziýa we pars döwletlerinde saklanyp galan depesi çürelip gidýän şeýle desgalar öz döwründe “Ýahçal” diýlip atlandyrylan eken. Bu söz terjime edilende “buzhana” diýen manyny berýär. Onda tomsuň yssy döwründe dürli azyk önümleri saklanypdyr. Ilkibaşda şeýle desgalar dini maksatlar, has dogrusy merhumy jaýlaman saklamaly bolanda ulanylypdyr.
Gündogar medeniýeti – bu örän inçeden gaýdýan ýol-ýörelge. Bu medeniýet adamzada diňe ýokarky agzalan zatlary däl, eýsem, häzirki durmuşda giňden ulanylýan başga-da köp zady bagyş etdi. Şolaryň hatarynda esasylary hökmünde partlaýjy därini, çaýy, kagyzy, farfor önümlerini, dürli tagam goşundylaryny, kompasy we beýlekileri görkezmek bolar. Çaphana işiniň, ýer gatlaklaryny öwrenmegiň we peýdaly magdanlary gazyp almagyň, seýsmografiýanyň hem Gündogar medeniýetinden miras galandygyny bellemelidirs.
ORIENT news








