HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Päkistanyň Energetika ministrligi: hökümet bilen TAPI boýunça ylalaşyk oktýabr aýynda baglaşylar

Awgust 25, 2023 | 01:55 |8076
Päkistan bilen Türkmenistan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçiriji taslamasy boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.Päkistan bilen Türkmenistan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçiriji taslamasy boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Çeşme: thenews.com.pk

Päkistan bilen Türkmenistan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçiriji taslamasy boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

ProPakistani habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, bu mesele boýunça ylalaşyk penşenbe güni Yslamabatda energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Muhammet Aly bilen Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda gazanyldy.

Duşuşykda taraplar TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişine syn bermek boýunça iş toparynyň yzygiderli mejlislerini geçirmäge ylalaşdylar.

Wagtlaýyn ministr bu dabarada çykyş edip, TOPH taslamasynyň Pakistanyň barha artýan energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin zerurdygyny belledi.

Bu nukdaýnazardan, oktýabr aýynda özara ylalaşma arkaly kabul ediji hökümet bilen ylalalyşygyň baglaşylmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, ol taslamanyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) elektrik taslamasy boýunça iş toparynyň mejlisleriniň ýygy-ýygydan geçiriljekdigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, TOPH taslamasy ýurtda diňe bir çalt ösýän energiýa islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem sebitara aragatnaşyk we ykdysady ösüş üçin hem uly mümkinçilikler döreder.

Ozal, 2023-nji ýylyň iýun aýynda Pakistan we Türkmenistan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmak boýunça bilelikdäki meýilnama gol çekdiler.

Iýul aýynda Pakistanyň maýa goýumlaryna ýardam bermek boýunça geňeşi TOPH taslamasyny arap maýadarlaryny çekmekde ileri tutulýan ugurlaryň sanawyna goşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026