HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

ESG standartlary barada bilmek isleýän zatlaryňyzyň barada!

Awgust 29, 2023 | 14:05 |20089
Bäsdeşlige ukyply bolmak we döwür bilen aýakdaş gadam urmak isleýärsiňizmi? Onda Sizi ESG ( Daşky gurşaw, sosial we korporatiw dolandyryş) standartlary we olaryň Siziň işiňiziň täze derejä ýetmegine nädip kömek edip biljekdigi gyzyklandyrmagy mümkin.Bäsdeşlige ukyply bolmak we döwür bilen aýakdaş gadam urmak isleýärsiňizmi? Onda Sizi ESG ( Daşky gurşaw, sosial we korporatiw dolandyryş) standartlary we olaryň Siziň işiňiziň täze derejä ýetmegine nädip kömek edip biljekdigi gyzyklandyrmagy mümkin.
Çeşme: Image by Freepik

Bäsdeşlige ukyply bolmak we döwür bilen aýakdaş gadam urmak isleýärsiňizmi? Onda Sizi ESG ( Daşky gurşaw, sosial we korporatiw dolandyryş) standartlary we olaryň Siziň işiňiziň täze derejä ýetmegine nädip kömek edip biljekdigi gyzyklandyrmagy mümkin.

ESG aňly-düşünjeli sarp etmek konsepsiýasydyr. Ol uly we kiçi kärhanalara maýadarlary çekmäge, müşderileriň wepalylygyny ýokarlandyrmaga, maliýe görkezijilerini ýokarlandyrmaga we işewürligiň durnuklylygyny üpjün etmäge kömek edýär.

ESG adalgasy köplenç durnukly ösüş, korporatiw jemgyýetçilik jogapkärçilik, sosial maýa goýumlary ýa-da daşky gurşawy goramak talaplary berjaý edilmek ýaly düşünjeleriň sinonimi hökmünde ulanylýar. Bu elementleriň käbiri ESG maksatnamasynyň bir bölegi bolup bilse-de, töwekgelçiligi dolandyrmak we bazar bahasyny we kärhana gymmadyny goramak ESG-iň merkezinde durýar.

Kärhanada oňat işlenip düzülen we gowy ýerine ýetirilen ESG strategiýasy maýa bazarlaryna girmäge, täze müşderileri çekmäge, köne işgärleri saklamaga we täze başarnykly işgärleri işe çekmäge kömek edýär, şeýle hem höweslerini ýokarlandyrýar, we durnukly taslamalar, şeýle hem netijesiz maýa goýumlaryndan we maliýe ýitgilerinden gaça durmak bilen maýa goýumynyň girdejisini ýokarlandyrýar.

USAID-yň Merkezi Aziýadaky söwda Maksatnamasy ähli gyzyklanýan telekeçileri ESG meseleleri boýunça halkara bilermen tarapyndan geçiriljek webinara gatnaşmaga çagyrýar.

Bu iki sagatlyk webinar 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň soňky on gününde Microsoft Teams platformasy arkaly geçiriler.

Webinaryň mazmuny:

  1. ESG-nyň manysy
  2. Kesgitlemeler we düşünjeler
  3. Halkara ESG standartlary/ ýörelgeleri, esaslary we reýtingleri
  4. Halkara howa şertnamalary we Türkmenistanyň halkara borçnamalary
  5. ESG çeşmeleri
  6. Iş ýüzünde ESG

Diňleýjiler:

Hususy telekeçiler, döwlet kärhanalary, şeýle hem habarlylygy ýokarlandyrmak isleýän ähli gyzyklanýan taraplar.

Webinaryň maksady:

• Türkmenistanda ESG ýörelgeleri barada habarlylygy ýokarlandyrmak

• ESG-a bolan maýa goýumlarynyň ösüşini çaltlaşdyrmak

• ESG standartlary, ýörelgeleri we gurallar toplumy barada düşünjäni gowulandyrmak

• Türkmenistandaky kärhanalaryň ESG standartlaryna üns bermeginiň sebäplerini aýdyňlaşdyrmak

• Kärhanalaryň şu wagtdan başlap ESG ýörelgelerini nädip durmuşa geçirip başlamagy barada görkezme

Alyp baryjy:

USAID-yň Merkezi Aziýadaky söwda Maksatnamasynyň ESG meseleleri boýunça Beýik Britaniýadan halkara geňeşçisi (konsultanty).

Dowamlylygy - 1,5-2 sagat. Webinar Microsoft Teams platforma arkaly iňlis dilinden rus diline yzygiderli terjimeli geçiriler.

Webinara gatnaşmak üçin şu düwmä basyp, hasaba alyş formasyny doldurmagyňyzy haýyş edýäris. Hasaba alyş formasyny doldurmagyň iň soňky güni 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabry, Aşgabat wagty bilen sagat 18:00.

Goşmaça soraglar üçin +99312 468247/49 telefon belgisine jaň edip ýa-da e-poçta arkaly eziz_jorayev@dai.com salgysyna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026