HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi

Awgust 26, 2023 | 11:24 |6546
Şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp 25-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.Şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp 25-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp 25-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatyna laýyklykda, şu ýylyň 7 aýynda ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 104,8 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,6 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,9 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş depgini 119,1 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,8 göterime deň boldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa ösüş depgini 112,2 göterime barabar boldy.

"Türkmenhowaýollary" agentliginde iň ýokary ösüş depgini gazanyldy. Şu ýylyň 7 aýynda agentlik boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 259,7 göterime barabar boldy. Tutuş toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 123,9 göterime deň boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

14:00 Noýabr 09, 2026