HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýada Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Awgust 18, 2023 | 18:02 |9518
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow penşenbe
güni ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň
başlygy Matsuşita Şinpeý bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow penşenbe
güni ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň
başlygy Matsuşita Şinpeý bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow penşenbe güni ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpeý bilen duşuşdy.

Diplomat Ýaponiýanyň parlamentine awtory türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bolan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitaby hödürledi. Kitabyň bölümlerinden biri «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýlip atlandyrylýar we Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abe bagyşlanýar. Awtor, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde abraýly syýasatçynyň orny barada gürrüň berdi.

Ýapon tarapy Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüşine dowamly üns berýänligi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Duşuşyga gatnaşyjylar mundan beýläkki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar diýip, habarda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026