HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý senagatda robotlaryň ulanylyşyny giňelder

Awgust 22, 2023 | 17:16 |7794
Hytaý 2025-nji ýyla çenli robot tehnikalary işjeň ösdürmek we
robotlary halk hojalygynyň on pudagyna ornaşdyrmak isleýär diýip,
South China Morning Post habar berýär.Hytaý 2025-nji ýyla çenli robot tehnikalary işjeň ösdürmek we
robotlary halk hojalygynyň on pudagyna ornaşdyrmak isleýär diýip,
South China Morning Post habar berýär.
Çeşme: scmp

Hytaý 2025-nji ýyla çenli robot tehnikalary işjeň ösdürmek we robotlary halk hojalygynyň on pudagyna ornaşdyrmak isleýär diýip, South China Morning Post habar berýär.

Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we Informasiýa ministriniň orunbasary Sin Gobin Bütindünýä Robot tehnikasy konferensiýasynda aýtdy. Ol, robot tehnikalarynyň maýa goýum we innowasiýa üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýän rewolýusiýa böküşini başdan geçirýändigini aýtdy.

Bu ugry goldamak üçin Pekin, robot kompaniýalarynyň köpçülige açylmagyna maliýeleşdirmek we kömek etmek üçin 10 milliard ýuana (1,4 milliard dollar) robot senagaty gaznasyny döretdi.

Hytaý dünýä boýunçai iň uly robot bazary bolup durýar. Ol 2022-nji ýylda dünýädäki senagat robotlarynyň ýarysyndan gowragyny oturtdy. 2015-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli Hytaýda senagat robotlarynyň önümçiligi 10 esse artdy we 366 müň birlik boldy.

Geçen ýyl bu pudakdan girdeji 170 milliard ýuandan (23 milliard dollar) geçdi. Uly maýa goýumlary sebäpli Hytaý 2021-nji ýylda dünýäde ABŞ-dan öňe geçip, bäşinji boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026