HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen maldarlary ýurdumyzyň bazarlaryny täze ýumurtga we jüýje eti bilen üpjün edýärler

Awgust 18, 2023 | 18:33 |10364
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Daýhan sarpasy” fermasynyň
çäginde ýerleşýän guşçylyk fabriginde towuk ýumurtgasynyň günde 100
müňe golaýy öndürilýär. Täze ýumurtgany alyjylara ýetirmek üçin her
günki önüm gijikdirilmän ýerli bazarlara we söwda nokatlaryna
ugradylýar.Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Daýhan sarpasy” fermasynyň
çäginde ýerleşýän guşçylyk fabriginde towuk ýumurtgasynyň günde 100
müňe golaýy öndürilýär. Täze ýumurtgany alyjylara ýetirmek üçin her
günki önüm gijikdirilmän ýerli bazarlara we söwda nokatlaryna
ugradylýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Daýhan sarpasy” fermasynyň çäginde ýerleşýän guşçylyk fabriginde towuk ýumurtgasynyň günde 100 müňe golaýy öndürilýär. Täze ýumurtgany alyjylara ýetirmek üçin her günki önüm gijikdirilmän ýerli bazarlara we söwda nokatlaryna ugradylýar.

Guş toplumy häzirki zaman tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde guzlaýan towuklaryň 250 müňi bar, täze çykan jüýjeler 90 günüň dowamynda bakylýar. Soňra telekeçiler tarapyndan söwda nokatlarynda we jemgyýetçilik iýmiti ulgamlarynda ýerlenilýär.

Fermer hojalygynyň ýöriteleşdirilen iým önümçiligi ýola goýlandyr. Bu ýerde däne ekinleri gaýtadan işlenýär we guzlaýan towuklar üçin dürli peýdaly goşundyly iým öndürilýär. Towuklary talabalaýyk iýmitlendirmek we olara hünär taýdan ideg etmek her gün 96 müňden gowrak ýumurtga ýygnamaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda “Daýhan sarpasy” oba hojalygy kärhanasy ýylda 12 million et jüýje-broýlerini we guzlaýan towuklaryň 2 millionyny ýetişdirjek ýöriteleşdirilen inkubasiýa önümçilik desgasyny gurýar – diýlip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026