HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen türgenleri Unifight boýunça Aziýa çempionatynda 16 medala mynasyp boldular

Awgust 18, 2023 | 18:00 |12120
11 - 17-nji awgust aralygynda Issyk-Kulda (Gyrgyzystan) geçirilen Unifight boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri 2 altyn, 11 kümüş we 3 bürünç – jemi 16 medala mynasyp boldular. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berdiler. Toýly Bazarow 2-nji umumybilim orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy. Ol nyşana pyçak zyňmakda çempion adyna we 55 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen nusgawy uniwersal söweş boýunça kümüş medala mynasyp boldy.11 - 17-nji awgust aralygynda Issyk-Kulda (Gyrgyzystan) geçirilen Unifight boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri 2 altyn, 11 kümüş we 3 bürünç – jemi 16 medala mynasyp boldular. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berdiler. Toýly Bazarow 2-nji umumybilim orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy. Ol nyşana pyçak zyňmakda çempion adyna we 55 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen nusgawy uniwersal söweş boýunça kümüş medala mynasyp boldy.
Çeşme: vesti.kg

11 - 17-nji awgust aralygynda Issyk-Kulda (Gyrgyzystan) geçirilen Unifight boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri 2 altyn, 11 kümüş we 3 bürünç – jemi 16 medala mynasyp boldular. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berdiler. Toýly Bazarow 2-nji umumybilim orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy. Ol nyşana pyçak zyňmakda çempion adyna we 55 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen nusgawy uniwersal söweş boýunça kümüş medala mynasyp boldy.

Nagmat Hojamämmedow hem çempionata 80 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşdy. Ol pyçak zyňmakda altyn we ýeňil uniwersal söweş boýunça kümüş baýraga mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Döwlet energetika Institutynyň 1-nji ýyl talyby Wepa Hojamämmedow 75 kilograma çenli agram derejesinde üç medala – ýeňil we nusgawy uniwersal söweşde kümüş we pyçak zyňmakda bürünç medallara mynasyp boldy.

Mary şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ýazmyrat Allanow başa-baş söweş sungatynyň nusgawy görnüşinde üçünji ýeri eýeledi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýa maýory Şöhrat Orazgeldiýew 70 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, üç baýrakly orna: ýeňil we nusgawy uniwersal söweşde kümüş we pyçak zyňmakda bürünç medallara mynasyp boldy.

Orazgeldi Orazgeldiýew hem 70 kilograma çenli agram derejesinde ýeňil we nusgawy uniwersal söweş we pyçak zyňmak boýunça üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň baýraklar gaznasyna üç kümüş medal getirdi.

Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Döwran Orazgeldiýew ýeňil we nusgawy uniwersal söweş boýunça iki kümüş medala mynasyp boldy.

Unifight boýunça Aziýa çempionatyna on ýurtdan 100-den gowrak türgen gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026