HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wengriýa Türkmenistanyň Ähliumumy howpsuzlyk strategiýasy boýunça teklibini goldaýar

Awgust 18, 2023 | 03:16 |8681
Wengriýa Türkmenistanyň BMG-ä hödürlemegi meýilleşdirýän Ähliumumy
howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek boýunça teklibini goldaýar - diýip,
Daşary işler ministri Peter Siýýarto penşenbe güni türkmen kärdeşi Raşid
Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikden soň mälim etdi.Wengriýa Türkmenistanyň BMG-ä hödürlemegi meýilleşdirýän Ähliumumy
howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek boýunça teklibini goldaýar - diýip,
Daşary işler ministri Peter Siýýarto penşenbe güni türkmen kärdeşi Raşid
Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikden soň mälim etdi.
Çeşme: magyarhirlap.hu

Wengriýa Türkmenistanyň BMG-ä hödürlemegi meýilleşdirýän Ähliumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek boýunça teklibini goldaýar - diýip, Daşary işler ministri Peter Siýýarto penşenbe güni türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikden soň mälim etdi.

Siýýarto “BMG-niň Düzgünnamasyny berkitmäge, gapma-garşylyklary syýasy taýdan parahatçylykly çözmäge we uruşlaryň öňüni almak üçin diplomatik tagallalary goldamaga gönükdirilen her bir teklip häzirki wagtda möhümdir” – diýip, Facebookda ýazýar. Wengriýanyň MTI telegraf agentligi ministriň: “Häzir BMG-niň Düzgünnamasyny we onda kesgitlenen maksatlary ýerine ýetirmegi üpjün etmegiň tüýs wagty” – diýen sözlerini getirýär.

Wengriýanyň Daşary işler ministri: “Biz dünýäniň islendik künjeginde, aýratyn-da biziň goňşy ýurdumyzda parahatçylyga getirjek hemme zady goldaýarys” – diýip, ministr bu babatda öz garaýşyny türkmen kärdeşine hem tassyklandygyny belledi.

Ozal Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde ileri tutýan garaýyşlaryny beýan edipdi.

Şeýlelikde, Türkmenistan bolup geçýän wakalara we tendensiýalara oýlanyşykly, ideologiýalaşdyrylmasyz baha bermek, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy we gapma-garşylykly dartgynlygy ýeňip geçmek hem-de ylalaşyklylyk we gyzyklanmalaryň özara hasaba alynmagy üçin geljegi kesgitlemäge synanyşmak maksady bilen BMG-niň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy zerur hasaplaýar.

Bu nukdaýnazardan, Türkmenistan Ähliumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026