HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gruzin rowaýatlary we eposlary ilkinji gezek komediýa we animasiýa filmlerine “geçiriler”

Awgust 18, 2023 | 21:06 |7933
Gruziýada "Iberiýanyň ýyl ýazgylary" (Хроники Иберии) atly ilkinji
taryhy we mifologiki komediýany döretmek boýunça işe girişdiler.
Taslamanyň üstünde “Ray11” kinokompaniýasy işleýär. Awtorlaryň
pikiriçe, şeýle döredijilikli çemeleşme gruzin ýaşlary üçin has düşnükli
bolar we olary ýurduň baý eposy bilen özleri üçin kabul ederlikli
görnüşde tanyşdyrar – diýip, Sputnik habar berýär.Gruziýada "Iberiýanyň ýyl ýazgylary" (Хроники Иберии) atly ilkinji
taryhy we mifologiki komediýany döretmek boýunça işe girişdiler.
Taslamanyň üstünde “Ray11” kinokompaniýasy işleýär. Awtorlaryň
pikiriçe, şeýle döredijilikli çemeleşme gruzin ýaşlary üçin has düşnükli
bolar we olary ýurduň baý eposy bilen özleri üçin kabul ederlikli
görnüşde tanyşdyrar – diýip, Sputnik habar berýär.
Çeşme: Sputnik Gruziýa

Gruziýada "Iberiýanyň ýyl ýazgylary" (Хроники Иберии) atly ilkinji taryhy we mifologiki komediýany döretmek boýunça işe girişdiler. Taslamanyň üstünde “Ray11” kinokompaniýasy işleýär. Awtorlaryň pikiriçe, şeýle döredijilikli çemeleşme gruzin ýaşlary üçin has düşnükli bolar we olary ýurduň baý eposy bilen özleri üçin kabul ederlikli görnüşde tanyşdyrar – diýip, Sputnik habar berýär.

Meşhur erteki we mifologiki gahrymanlar, şeýle hem taryhy şahsyýetler komediýa gahrymanlaryna öwrülýär we olaryň gyzykly hem-de gülkünç başdan geçirmeleri baradaky hekaýalar köpöwüşginli suratlar arkaly tomaşaça ýetirilýär. Taslama ussat hünärmenler bolan ssenariçiler, suratkeşler we taryhçylar gatnaşýar.

Hünärmenler eýýäm Gruziýanyň dürli ýerlerini öz içine alýan “Oçopintre şalygy” we “Kopala” filmleriniň suratlaryny taýýarladylar. Bu bölümler hem “Hronika” dünýäsine giriziler. “Iberiýanyň ýyl ýazgylary” lentasynyň täze bölümleri her iki aýdan bir gezek çykar.

Şunuň bilen birlikde, "Aluda Ketelauri" we "Iberia Saga" animasion filmlerini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Komiksdäki şol bir gahrymanlar animasiýa görnüşinde hem janlanar we gruzin ýaşlaryna gadymy rowaýatlaryň balladalaryň we mifleriň taryhyndan gürrüň berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Si Szinpin Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky açyklygy we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdy

Si Szinpin Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky açyklygy we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdy

14:00 Oktýabr 31, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026