Türkmen maldarlary ýurdumyzyň bazarlaryny täze ýumurtga we jüýje eti bilen üpjün edýärler


Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Daýhan sarpasy” fermasynyň çäginde ýerleşýän guşçylyk fabriginde towuk ýumurtgasynyň günde 100 müňe golaýy öndürilýär. Täze ýumurtgany alyjylara ýetirmek üçin her günki önüm gijikdirilmän ýerli bazarlara we söwda nokatlaryna ugradylýar.
Guş toplumy häzirki zaman tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde guzlaýan towuklaryň 250 müňi bar, täze çykan jüýjeler 90 günüň dowamynda bakylýar. Soňra telekeçiler tarapyndan söwda nokatlarynda we jemgyýetçilik iýmiti ulgamlarynda ýerlenilýär.
Fermer hojalygynyň ýöriteleşdirilen iým önümçiligi ýola goýlandyr. Bu ýerde däne ekinleri gaýtadan işlenýär we guzlaýan towuklar üçin dürli peýdaly goşundyly iým öndürilýär. Towuklary talabalaýyk iýmitlendirmek we olara hünär taýdan ideg etmek her gün 96 müňden gowrak ýumurtga ýygnamaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda “Daýhan sarpasy” oba hojalygy kärhanasy ýylda 12 million et jüýje-broýlerini we guzlaýan towuklaryň 2 millionyny ýetişdirjek ýöriteleşdirilen inkubasiýa önümçilik desgasyny gurýar – diýlip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
ORIENT news








