HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyndaky işler bilen tanyşdy

Awgust 18, 2023 | 09:29 |13701
17-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy.17-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

17-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde taýýarlanan taslamalar we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Wise-premýer B.Annamämmedow toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň yşyklandyryş ulgamy, desgalarynyň diwarlarynda ýerleşdiriljek ýazgylar, şeýle hem toplumyň agşamky görnüşleri bilen baglanyşykly şekil taslamalary hem-de olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli çyzgylar barada hasabat berdi.

Medeni-seýilgäh toplumynda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe bellikleri etdi we bu künjegiň, aýratyn-da, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň agşamlaryna ýokary derejede ýagtylandyrylmalydygyny aýtdy.

Soňra bu ýerde wise-premýer M.Mämmedowa Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli işlenip taýýarlanylýan medeni maksatnama hem-de onuň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän köpçülikleýin çärelere, teatrlaşdyrylan çykyşlara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagynyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna geçiriljek giň gerimli dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüljekdigini belläp, toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli guraljak çäreleriň ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigine ünsi çekdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berip, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça taslamalar we ýoluň ugrunyň çyzgylary bilen tanyşdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly sahna oýunlarynyň goýulmagynyň, olara okuwçy we talyp ýaşlaryň gatnaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de bu barada wise-premýer N.Amannepesowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan alym Arkadagymyz dynç alyş günlerinde Magtymguly Pyragynyň öňde boljak şanly senesi barada oýlanyp, täze goşgusyny döredendigini aýtdy we ony ajaýyp seýilgäh toplumynyň saýaly oturgyjynda oturan ýerinde okap berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026