Russiýa Federasiýasynyň hökümeti Hazar deňzini hapalanmadan goramak boýunça teswirnamany tassyklady


Russiýanyň hökümeti hazarýaka ýurtlaryň bäşisi tarapyndan 2012-nji ýylda Moskwada gol çekilen Hazar deňzini ýerüsti çeşmelerden hapalanmadan goramak boýunça teswirnamany tassyklady. Bu barada TASS, Rosprirodnadzor gullugynyň ýolbaşçysy Swetlana Radionowanyň sözlerine salgylanyp, habar berdi.
Resminama premýer-ministr Mihail Mişustin gol çekdi.
Resminamada: "Russiýanyň Daşary işler ministrligi Hazar deňzini hapalanmadan goramak boýunça teswirnamanyň saklanýan ýeri bolan Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetine habar bermeli..." – diýlip, bellenilýär.
Azerbaýjanyň Mejlisi Hazar deňzini hapalanmakdan goramak teswirnamasyny 2014-nji ýylda tassyklady. Türkmenistanyň Mejlisi Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýasyna bu teswirnamany 2015-nji ýylda, Gazagystanyň mejlisi – 2021-nji ýylda tassyklady.
Resminamanyň maksady deňiz gurşawynyň ýerüsti çeşmelerden we gury ýer işlerinden hapalanmagynyň öňüni almak, azaltmak, gözegçilikde saklamak we mümkin boldugyça ýok etmekden ybarat.
Resminama hapalanma çeşmelerine gözegçilik etmek boýunça çärelere esaslanýan sebitleýin we milli maksatnamalaryň ýa-da hereket meýilnamalarynyň kabul edilmegini göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, Hazar deňziniň deňiz gurşawynyň we kenarýaka sebitleriniň ýagdaýyna yzygiderli baha bermek, deňziň kenar ýakasyndaky hapalanma derejesine baha bermek kesgitlenýär.
Teswirnama 2003-nji ýylyň noýabr aýynda hazarýaka ýurtlaryň bäşisi: Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) degişlidir. Bu ähli kenarýaka döwletler tarapyndan tassyklanan ilkinji kanuny taýdan borçlandyrýan ylalaşyk deňiz gurşawyna antropogen täsirini kadalaşdyrmagyň, Hazar deňziniň biologiki baýlyklaryny goramagyň we köpeltmegiň esasy ugurlaryny, şeýle hem kenarýaka döwletler tarapyndan bilelikdäki çözgütleri kabul etmegiň prosessual meselelerini kesgitleýär.
2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda ähli hazarýaka ýurtlar tarapyndan tassyklanylandan soň, konwensiýa resmi taýdan güýje girdi. Hazar deňzi howany emele getiriji ähmiýete eýe bolan we dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk dünýädäki iň uly yklymiçi suw howdanydyr. ummanlar bilen baglanyşykly däl.
Ozal wise-premýer, ýurdumyzyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji awgustda Awazada Hazar boýunça geçirilen halkara maslahatynda çykyş edip, şu ýyl Russiýa Federasiýasynyň başlangyjy bilen meýilleşdirilýän hazarýaka döwletleriň Daşary işler ministrleriniň iş maslahatynyň ýylyň ahyryna çenli geçiriljekdigine umyt bildirdi.
Ministr iş maslahatynyň gün tertibine Hazar deňziniň daşky gurşaw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleri işläp düzmek üçin meýdançany kesgitleme meselesini girizmegi teklip etdi.
ORIENT news








