Türk kompaniýalary Gazagystanda gämi gurluşygy we abatlaýyş kärhanasynyň gurluşyk taslamasyna gatnaşar
Awgust 14, 2023 | 23:12 |9946


Gämi gurluşygy we abatlaýyş kärhanasynyň gurluşygy bilen başlanjak Gazagystanyň "Hazar" taslamasynyň durmuşa geçirilmegine iki sany türk kompaniýasy gatnaşar. "Yeni Şafak" gazetiniň ýazmagyna görä, geljekde gämi abatlaýyş kärhanasyny porta öwürmek meýilleşdirilýär.
“Türkiye döwleti taslama maliýe çeşmelerini goýmak isleýär. Gazet: "Gämi abatlanylýan kärhana Gazagystanyň ykdysadyýetiniň zerurlyklary üçin dürli platformalaryň, söwda deňiz gämileriniň taslamalaryny işläp taýýarlar we gurar" – diýip ýazýar.
Taslamany durmuşa geçirmegiň möhleti – şu ýylyň ahyryna - 2024-nji ýylyň başyna çenli.
ORIENT news








