HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kaha Imnadze Türkmeniň BMG-däki hemişelik wekilhanasynda brifing geçirdi

Awgust 14, 2023 | 00:27 |11591
BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA) täze ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Nýu-Ýorkda BMG-nyň Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynda brifing berdi.BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA) täze ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Nýu-Ýorkda BMG-nyň Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynda brifing berdi.
Çeşme: un.mission.gov.tm

BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA) täze ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Nýu-Ýorkda BMG-nyň Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynda brifing berdi.

Çäre, BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşine Merkeziň (merkezi Aşgabatda) alyp barýan işleri barada hasabatdan soň Merkezi Aziýa döwletleriniň hemişelik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň ýörite wekili Kaha Imnadze Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň Sebit merkeziniň işine oňyn baha berendiklerini we mandatyny güýçlendirmek üçin edilýän tagallalary goldaýandygyny habar berdi diýip, Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

2.jpg

Imnadze, BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşine ýarym ýyllyk hasabatynda aýratyn üns berlen esasy taraplary belledi. Olaryň arasynda:

― Merkezi Aziýa ýurtlary bilen beýleki sebitleriň arasynda özara gatnaşyk üçin köptaraplaýyn formatlary ösdürmek we 2023-nji ýylda geçirilen MA-Ýewropa Bileleşigi, MA-HHR, MA-Aýlagyň arap ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň sammitleriniň ähmiýeti;

― 4-nji awgustda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammitiniň netijeleri we energetika howpsuzlygy, ulag aragatnaşygy we suwy tygşytly peýdalanmak babatynda hyzmatdaşlygyň bu formatynyň täsiri;

―14-15-nji sentýabrda Täjigistanda meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, şeýle hem Araly halas etmek boýunça halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk;

― Merkezi Aziýada Parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goldaw;

― UNRCCA-nyň goldawy bilen sebitiň we Owganystanyň ýurtlarynyň arasynda özara aragatnaşyk üçin döredilen mehanizmleri ösdürmek;

― Sebitdäki ykdysady we syýasy durnuklylygy berkitmek üçin sebitara TAPI we CASA-1000 energetika taslamalarynyň ähmiýeti;

― Merkezi Aziýada Global Terrorçylyga garşy strategiýany durmuşa geçirmek üçin Bilelikdäki Hereket meýilnamasyny netijeli durmuşa geçirmek;

― Merkeziň sebit guramalary bilen özara gatnaşyklaryň ähmiýeti;

― Sebit merkeziniň, hususan-da, Merkezi Aziýada zenanlaryň dialogy, ýaşlar üçin öňüni alyş diplomatiýa akademiýasy we ş.m. kömegi bilen sebitde döredilen köptaraplaýyn platformalary ösdürmegiň zerurlygy.

Duşuşykda Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, Sebit merkeziniň işini türkmen tarapyny goldaýandygyny mälim edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Merkeziň orny baradaky BMG-nyň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasynda bellenen, ileri tutulýan ugurlara laýyklykda kuwwatyny we işjeňligini has-da ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Bitarap döwlet we öňüni alyş diplomatiýa boýunça Sebit merkeziniň ýerleşen ýurdy hökmünde Owganystanyň häkimiýetleri bilen köptaraplaýyn gepleşik gurmak we ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriniň bardygy bellendi.

Şeýle hem Merkeziň goldawy bilen Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogyny döretmek we ilkinji duşuşygyny 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde Türkmenistanda geçirmek meýilnamalary barada habar berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026